Ï Çagalar iýmiti - üns merkezinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalar iýmiti - üns merkezinde

view-icon 766
Golaýda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Edarara iş utgaşdyryjy toparynyň “Türkmenistanyň ilatynyň 2013-2014-nji ýyllarda sagdyn iýmitlenmegi” Milli maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň işine maksatnamany amala aşyrmaga degişli bolan ministrlikleriň we edaralaryň ählisiniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Bilim hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň hünärmenleriniň şu ýylyň mart-aprel aýlarynda ýurduň ähli welaýatlarynyň mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralarynda we mekdep edaralarynda çagalary iýmitlendirmegiň ýagdagy boýunça bilelikde geçiren barlaglarynyň jemlerine garaldy. Enäni we çagany goramagyň Ylmy-kliniki merkeziniň hünärmenleri irki ýaşly çagalary iýmitlendirmegiň meseleleri boýunça çykyş etdiler, ilatyň sagdyn iýmitlenrmegi boýunça maglumatlary ýokarlandyrmak boýunça bolsa bu ministrligiň Maglumatlar merkeziniň işgärleri gürrüň berdiler.

Şeýle hen mejlisiň barşynda Bilim, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Ykdysadyýet we ösüş, Maliýe, Oba hojalygy ministrlikleriniň, Balyk hojalygy komitetiniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Aşgabat şäher häkimligini wekilleri çagalaryň sagdyn iýmitlenmegi boçunça hereket etmegiň meýilnamasyynyň çäklerinde edilen işler barda çykyş etdiler. Mejlisiň barşynda Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wkilleri çykyş etdiler.

Mejlise gatnaşyjylar ýurda getirilýän, Türkmenistanda öndürilýän we ýerleşdirilýän çagalar iýmitleriniň hiline we howpsuzlyyna gözegçilik etmek boýunça alnyp barylýan çäreleri ara alyp maslahatlaşmaga aýratyn üns berdiler, mekdebe çenli ýaşly we mekdep edaralarynda çagalary sagdyn iýmitlendirmek boýunça toplumlaýyn meýilnamanyň taslamasyna garaldy, beýleki meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Edarara mejlisiň jemleri boýunça degişli ministrlikleriň ählisi bilen mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda we mekdep edaralarynda sagdyn iýmitlendirmek boýunça toplumlaýyn meýilnamanyň taslamasyny ylalaşmak we tassyklamak boýunça işleri golaý wagtlarda tamamlamagy çözdüler, şeýle hem 2013-2017-nji ýyllarda “Türkmenistanyň ilatyny sagdyn iýmitlendirmek” Milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň we ony amala aşyrmagyň meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk etmegi dowam etdirmegi maksat edindiler.