Ï Ekologlaryň we ýangyna garşy göreşýän hünärmenleriň bilelikdäki çäresi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ekologlaryň we ýangyna garşy göreşýän hünärmenleriň bilelikdäki çäresi

view-icon 1413
Köpetdag Döwlet goraghanasynyň, Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň düzüm bölümleri - Ahal welaýat tebigaty goramak müdirliginiň, Tokaý hojalygy müdirliginiň inspektorlary, şeýle hem Türkmenistanyň IIM Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň işgärleri gyzgyn günleriň başlanmagy bilen bilelikde ýangyna garşy göreş çärelerini geçirýärler.

Demir ýollaryna, bag ekilen zolaklarynyň golaýlarynda, ýangyn dörär howpunyň bolaýjak ýerlerinde öňüni alyş çärelerini geçirmek inspektorlaryň we ýangyna garşy göreşýän işgärleriň baş wezipesi bolup durýar.

Bag ekilen zolaklaryň, ulag ýollarynyň uzap gidýän ýerleri, senagat desgalarynyň bar ýeri bolan Baharly etrabyndan başlap Gäwerse çenli aralyga aýlanamk bilen inspektorlar, edaralryň we ýerli dolandyryş edaralarynyň wekillerine ýangyna garşy öňüni alyş çäreleriniň giçirilmelidigini ýatladýarlar. Bu ösümlikleri suwarmakdan, bag ekilen ýerleriň hatar aralaryny arassalamakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda bu işlere tehnikalaryň we işgärleriň ýüzlerçesi çekildi, ýangynyň ýaýramagyna päsgelçilik berjek ini azyndan sekiz metr bolan sürüm işleri geçirilýär. Ýangyna garşy göreş tagtasynyň enjamlar toplumy bilen üpjünçiligi barlanylýar.

Türkmenistanlylaryň dag eteklerinde köpçülikleýin dynç alýan ýerlerine baryp görmek bilen inspektorlar we ýangyna garşy göreşýän gullugyň işgärleri dynç alýanlara meýdan ýerlerinde dynç almagyň düzgünlerini ýatladýarlar. Hususanda, hususy maşyn bilen bag ekilen ýerleriň has aňyrsyna barmagyň, ot ýakmagyň, baran ýeriňi hapalamagyň, topragy, çeşmäni we derýajyklary hapalamagyň bolmaýandygyny ýatladýarlar. Hususy we döwlet awtoulaglarynyň ýangyn söndüriji enjamlar bilen üpjünçiligi barlanylýar.