Ï Senden owadan gyz ýok...
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Senden owadan gyz ýok...

view-icon 1291
Paýtagtyň “Parahat” medeni dynç alyş merkezinde “Aşgabat gözeli - 2014” ady bilen gözellik bäsleşigi geçirildi. Onda paýtagtyň iň owadan we mylaýym gyzy saýlandy. Bu bäsleşik paýtagtyň gününe bagyşlanyp geçirildi.

Türkmenistanyň Zenanlar guramasy tarapyndan geçirilen bu bäsleşige paýtagtda ýaşaýan we Aşgabadyň dürli edaralarynda işleýän gyzlar gatnaşdylar. Bäsleşik birnäçe tapgyrlar boýunça geçirilip, ilkinji nobatda bäsleşige gatnaşyjylaryň 16 jemleýji tapgyra çykmagy başardylar. Nerw dartgynlylygy – emin agzalarynyň gemleýji çözgüdine alyp barýan bäsleşigiň hemişelik hemrasybolan tolgunmalar yzda galady. Ýöne bu gyzlaryň her biriniň kalbynda gözelligiň ilkinji bäsleşiginden ýakymly ýatlamalar galar.


Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda bu owadan gyzlaryň öňünde birnäçe wezipeler – işiň iň gowy pursatlaryny tapawutlandyryp, özüň barada gürrüň bermek, özüň sport başarnygyňy, nätanyş bolan tans-sport herketlerine düzülen saz eserine goşup saz çalmak ukybyňy görkezmek, elbetde, edara üçin lybasda, gezim edilende geýilýän lybas boýunça öz halaýan lybaslaryňy görkezmek wezipesi durdy. Milli şäý-sepler bilen bezelen lybasly gyzlar ertekilerdäki perilere çalym edýärdiler. Olar türkmen zenanlaryna mahsus bolan agraslyk we edalylyk bilen çykyş etdiler. Durmuşda bolsa bu gyzlar – dürli kärhanalarda işleýän bagta ymtylýan adaty gyzlar. Öz ýaşaýan şäheriniň bezegi bolup durýandyklaryny olaryň özleriniň duýmaýan bolmaklary mükindir. Sebäbi biziň ýurdumyzyň zenanlary gündogar gözelliginiň nusgasy bolup durýarlar. Bu geçirilen bäsleşik bolsa muny ýene-de bir gezek tassyklady.

Emin agzalarynyň öňünde hem ýeňil wezipe durmaýardy. Sebäbi bäsleşige gatnaşan her bir gyzyň öz aýratynlygy bardy. Şäheriň iň owadan gözeli diýen derejäni bolsa ýekeje gyz almalydy. Ynha-da netije çykaryldy. Aşgabat gözeli - 2014 diýen dereje Aşgabat şäher häkimliginiň bezeg-bag ekiş önümçilik kärhanasynyň hünärmeni Ogulhajat Akyýewa berildi. Oňa dereje berilendigine şaýatlyk edýän diplom, ýadigärlik sowgatlary we ak roza güllerinden bogulan çemen gowşuryldy.