Ï Häzirki zaman gurluşly oba gurulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Häzirki zaman gurluşly oba gurulýar

view-icon 809
Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Jumanyýaz Hudaýbergenow adyndaky geňeşligiň çäklerinde täze keşpdäki häzirki zaman obasynyň gurluşygy ýaýbaňlandyryldy.

Täze ilatly oba 144 gektar meýdany eýeleýär. Bu ýerde ýanýodaly giň köçeler çekiler, ulag ýollaryna asfalt çekiler, şeýle hem suw, gaz we elektrik geçirijiler çekiler. Häzirki zaman durmuş-ykdysadyýetli, ulag-kommunikasion, inženerçilik-tehniki gurluşyň döredilmegi uzakdaky obalarda häzirki zaman toplumlaýyn ilatly obany döretmegiň esasy ýagdaýy bolup durýar.


Çägeligiň içindäki giň meýdanda eýýäm häzirki zaman şäher gurlygynyň we milli binagärligiň gadymy dessurlaryny nazara almak bilen, durmuş, medeni, dolandyrmak ähmiýetli desgalarynyň anyk keşbi boýa galýar.

Ýeňilleşdirilen karz pul serişdeleriniň hasabyna şahsy buýurmalar boýunça ýaşamak üçin ähli amatlyklary we şertleri bolan ýaşaýyş jaýlarynyň bäş ýüzüsi gurulýar. Häzirki zaman bir nusgalytaslama laýyklykda, her bir jaý içki gurluşy boýança amatlylygy bilen tapawutlanar, mellek ýerinde bolsa ownuk ýa-da iri mallary we öý guşlaryny saklamak üçin mümkinçilik dörediler.

Obanyň gurluşyk işlerini iri döwlet gurluşyk guramalary we telekeçi gurluşyk guramalary alyp bararalr. 500 orunlyk orta mekdebiň, 240 orunlyk çagalar bagynyň we bedenterbiýe-sagaldyş toplumynyň gurluşygyny “Gaýaratly türkmen” hususy kärhanasy alyp barýar. “Daşoguzgurluşyk” önümçilik birleşiginiň bölümleriniň toparlary Saglyk öýüniň we geňeşligiň dolandyryş edarasynyň binalarynyň gurluşygyny ýerine ýetirýärler.


Şeýle hem ýurduň gülläp ösýän demirgazyk sebtimde telekeçilere durmuş desgalaryny – “Toý mekany” dabar a merkeziniň ajaýyp binasyny, Medeniýet öýüniň, azyk we senagat harytlary satylýan dükanlary, bazarly söwda merkezini gurmak ynanyldy

Binagärlik gurluşlaryň töwregeinde, uly ulag gatnaw ýollarynyň ugrunda güldür bag eker ýaly ýörete ýerler bölünip beriler. Eýýäm bu ýerini gök bakjaçylyga öwürmek üçin ýerli howa we toprak şertlerine durnukly güldür bag nahallary saýlanyp alyndy.