Ï Adaty gidrotehnika usullary ulanylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Adaty gidrotehnika usullary ulanylýar

view-icon 716
Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň “Milli we ýerli derejede fermer hojalyklar ulgamyna howanyň üýtgemegi bilen bagly howplara reagirleme” bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde gidrotehnikanyň adaty halk usullary gerek boler.

Kiot protokolynyň Adaptasion gaznasynyň ýardam bermeginde synag meýdançasynyň üçüsiniň çäklerinde howanyň ýütgemegi bilen bolup biläjek netijesine baha bermek geçirildi, suwy netijeli peýdalanamak we ýerden peýdalanmagy işjeňleşdirmek boýunça adaptasion çäreler bellenildi. Bilelikdäki taslamanyň milli tehniki geňeşçisi Muhammaet Nepesowyň belleýşi ýaly, geçirilýän synagyň derwaýyslygy häzirki zaman çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagy ýüzlerçe ýyl bäri meşhur bolan gidrotehnikanyň halk usullaryny ulanmak bilen sazlaşykly bolmagydyr.

Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň “Ýeňiş” daýhan birleşiginiň daglyk sebtinde guýulary burawlamakdan we damjalaýyn usuly ornaşdyrmakdan, biogumusy öndürmekden başga hem sil suwlaryny peýdaly ulanmaga mümkinçilik berýän suw howdanly bentleri gurmak we öňkileri abatlamak işleri geçirilýär. Topragyň zaýalanmagyna garşy göreşmek üçin suw howdanlarynyň töwereginde bag ekmek işleri geçirilýär.

Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň “Garagum” daýhan birleşiginiň çöllük zolagynda täze guýulary gazmak we öňki bar bolan guýulary, sardobalary abatlamak, kaklary arassalamak, takyrlara suw ýygnanýan ýerler ýüzüniň durkuny täzelemek işlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Ýaşaýyş jaýlaryny we durmuş ähmiýetli desgalary çägeleriň süýşmeginden goramak maksady bilen, biziň ýurdumyzda giňden ulanylýan süýşýän çägeleri berkitmek we tokaýlaşdyrmak usullaryny ulanmak meýilleşdirilýär.

Sakarçäge etrabynyň “Zähmet” daýhan birleşiginiň suwarymly zolagynda kollektor-drenaž ulgamyny, suwaryş ulgamlarynyň suw sazlaýjy gurluşlary döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem meýdanlary goraýan tokaý zolagyny döretmek göz öňünde tutulýar.

Taslamanyň synag sebitleriniň ählisiniň çäklerinde baglaryň ýerli görnüşleriniň nahallaryny ösdürip ýetişdirmek üçin nahalhanalar guruldy. Şeýle hem häkimiýetiň ýerli guramalarynyň wekilleriniň, gyzyklanma bildirýän guramalaryň, ýer we suw ulanýan adamlaryň özleriniň gatnaşmaklarynda oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdirilende suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmak boýunça duşuşyklar, tegelek stollar, maslahatlar we çekişmeler guraldy.

Howanyň üýtgemegi boýunça 2012-nji ýylda kabul edilen Türkmenistanyň milli strategiýasynda suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýlaryny gowlandyrmak, suwaryş ulgamlarynyň tehniki üpjünçiligini gowlandyrmak we oba hojalygyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler göz öňünde tutuldy. Ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak we goramak, biziň ýurdumyzda ratifisirlenen BMG-niň tebigaty goraýyş Konwensiýalarynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilmegini nazara almak bilen, olary dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelrine aýratyn üns berildi.