Ï Atalarymyzyň wesýetlerine eýermek bilen, ata Watana gulluk edýäris!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Atalarymyzyň wesýetlerine eýermek bilen, ata Watana gulluk edýäris!

view-icon 751
Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän 1001-nji harby bölümde dabara geçirildi

Höwesjeň artistler, meşhur aýdymçylar bu ýere ýygnanlaryň öňünde çykyş etdiler. Serkedeler we esgerler edebi-sazly kompozisiýany taýýarladylar. Beýyk taryhy şahslar – meşhur hökümdarlar we batyrgaý esgerler – Gorkut ata, Togrul beg, Çagry beg, Baýram han, Magtymguly Pyragy döwürdeşler bilen Watana bolan söýgi, Watana gulluk etmegiň belent hormaty, batyrlyk we gaýduwsyzlyk hakynda söhbetdeş boldular.


Dabara gatnaşyjylar IIM harby bölüminiň muzeýine baryp gördüler. Bu ýerde toplanan gymmat bahalay eksponatlaryň arasynda resminamalar, şahadatnamalar, golýazmalar, dürli ýyllarda harby bölümde ulanylan tehnikalaryň arhiw suratlary, Mälikguly Berdimuhamedowyň harby bölümlerde we içeri işler guramalarynda işlän zähmet ýoly we köp ýyllyk gullugy bilen baglanyşykly okuw materiallary bar. Mälim bolşy ýaly, Hormatly Prezidentimiziň pederi gulluk eden döwründe ýokary döwlet sylaglarynyň ýedisine mynasyp boldy, “Içeri işler goşun gullugynda tapawutlanany üçin” diýen döşe dakylýan nyşan bilen sylaglandy. Ol 1982-nji ýylda içeri işler guramalarynda gullugyny tamamlap, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurluş düzümleriniň dürli wezipelerinde öz zähmet ýoluny dowam etdirdi.


Dabara gatnaşyjylar, däp boýunça, harby bölümiň merkezi binasynyň öňünde oturdylan içeri işler guramalarynyň hormatly weyerany Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkeliniň ýanynda ata-babalarymyzyň amala aşyran beýik işlerine mynasyp bolmaga, ata Watana wepaly gulluk etjekdikleri barada kasam etdiler.