Ï Gökderede tomusky dynç alyşa badalga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gökderede tomusky dynç alyşa badalga berildi

view-icon 674
Paýtagtyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada Gökderede tomusky çagalar sagaldyş möwsüminiň başlanmagyna badalga berildi.Däp bolşy ýaly, bu ýerde ýaşajyk dynç alajaklary tebigatyň bu ajaýyp künjegindäki sagaldyş merkezlerine dabaraly ýagdaýda ugratmak çäresi geçirildi.

Gökderedäki iň aňrybaş merkezleriniň on dördüsinde çagalary mugallymlar myhmansöýerlik bilen garşy aldylar. Çagalar bu ýerde ornaşanlaryndan tiz wagtdan soňra mugallymlar okuwçylar üçin merkezleriň döredijilik tanyşdyrylyşyny geçirdiler we merkezleriň dynç almak üçin ähli oňaýlyklary bolan giň çäkleri we jaýlary boýunça syýahat guradylar.

Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen, şunuň ýaly çäreler bir wagtyň özünde ýurduň beýleki künjeklerinde ýerleşýän onlarça çagalar sagaldyş merkezlerinde hem geçirildi. Bu sagaladyş merkezleriniň dürli ministrlikleriň we edaralaryň garamagynda bolmagyna garamazdan, olar Türkmenistanyň Bilim minstrliginiň umumy ýolbaşçylygyna birleşendir.

Öz nobatynda, däp bolup gelşi ýaly, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hemişelik hyzmatdaşlary bolan Saglygy goraýyş we derman senagaty, Medeniýet, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleri, Sport baradaky döwlet komiteti, Ýol we ýangyn howpsuzlygy gullugy, içeri işler guramalary, iri jemgyýetçilik guramalary we beýleki gyzyklanma bildirýän guramaçylar hökünde çykyş edýärler. Olaryň ählisi öz tagallalaryny birikdirip, bilelikde çagalaryň meşhur sagaldyş merkezlerinde geçirilýän her bir gününi gyzykly we özüne çekiji çäreler bilen üpjün etmäge öz wagtynda alada etdiler.

Ýurduň Bilim ministrliginde belleýişleri ýaly, bilelikdäki başlangyçlar elmydama ýurduň dürli künjeklerinde ýerleşýän çagalar sagaldyş merkezlerinde we mekdepleriň ýanynda döredilen merkezlerde okuwçylaryň doly bahaly dynç almaklaryna we saglyklaryny berkitmäge gönükdirilendir.


Gökdere barada aýdylanda bolsa, mälim bolşy ýaly, her bir tomusky çalşykda bu sagaldyş merkezinde çagalaryň ýedi müňden gowragy dynç alyp bilerler. Olar bu ýerde çagalary gyzyklandyrýan dürli döredijilik, intellektual we sport çärelerine niýetlenen özüne çekiji we öwreniş baý maksatnama garaşýar.

Şu ýylyň tomsunda Gökderäniň ähli merkezlerinde döredilen kitaphanalrynyň gaznalarynyň ep-esli üsti ýetirlendigi uly ähmiýete eýedir. Kitap tekjelerinde – çagalar edebiýaty, şol sanda çagalaryň söýüp okaýan ertekileri, milletiň baştutanynyň ýaş nesle ýüzlenýän eserleri kitap tekjelerini bezeýär. Ýurtda çap edilýän döwürleýin gazýetler we žurnallar giňden ýerleşdirilipdir. Bu bolsa çagalaryň biziň ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän wakalar bilen elmydama habarly bolmaklaryna özüniň oňaýly täsirini ýetirýär.

Boş wagtyňy gyzykly geçirmegiň maksatnamasynda – dürli görkezme we bäsleşikli çäreler meýilleşdirildi. Merkezlere gelen çagalar ilkinji gününden başlap eýýäm olaryň öz gyzyklanýan ugurlary boýunça sport we aýdym, tans, folklor, instrumental toparlary emele gelip başlady. Olaryň öňünde diňe bir öz merkezlerinde däl, eýsem goňşy dynç alyş merkezlerinde hem konsert çykyşlary, şol sanda bäsleşikli çykyşlar hem garaşýar.

Bilim ministrliginden habar berişleri ýaly, umumylykda çagalara örän gyzykly, özi hem olaryň köp ugurly zehinlerini ýüze çykarmagy bilen baglanyşykly ilkinji sapar meýilleşdirilen başlangyçlar garaşýar. Tomusky dynç alyş möwsümine köp sanly şatlykly bäsleşikler goşuldy.