Şu gün türkmen paýtagtynda Internet ulgamynda we Internet neşirleriniň işi babatynda kanunçylygy işläp taýýarlamakda halkara tejribä bagyşlanylan «tegelek stoluň « başynda geçirilýän maslahat öz işine başlady. «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunçylygy kämilleşdirmek» atly taslamanyň çäklerinde geçirilýän, Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy tarapyndan guralan duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň, ýokary okuw mekdepleriniň, gazet-žurnallaryň, elektron neşirleriniň wekilleri gatnaşýarlar.
Çykyş edenleriň, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Türkmenistandaky merkeziniň baştutany, ilçi Iwo Petrowyň hem belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäginde elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi boýunça kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam berýär.
Şunuň bilen baglylykda, on-laýn köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda we bu ugurda gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň barha artýan mümkinçilikleri Interneti hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň dünýä tejribesini has netijeli peýdalanmaga ýardam berer.
Halkara bilermenler hanym Anna Kaçkaýewa we jenap Dmitriý Golowin sanly tehnologiýalaryň esasy ösüş tapgyrlary, adam hukuklaryny, howpsuzlygy, awtorlyk hukuklary gorap saklamak we beýlekiler ýaly esasy ugurlara esaslanýan Internet gatnaşyklary ulgamyny kadalaşdyrmagyň ýörelgeleri hakynda çykyş etdiler.
Iki günläp dowam etjek maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň dürli hukuk ugurlaryna degişli halkara tejribe bilen tanşarlar.