Ï Täze çagalar bagy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze çagalar bagy

view-icon 1265
Şu gün S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň “Adalat” geňeşliginiň Babadaýhan obasynda ýerli hususy kärhananyň hünärmenleri tarapyndan gurlan 150 orunlyk täze çagalar bagy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.

Mekdebe çenli çagalar edarasynyň açylyş dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň, zähmetkeşler toparlarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Has tapawutlanan gurluşykçylara gymmatly sowgatlar gowşuryldy.

Dabara gatnaşyjylar ösüp gelýän ýaş nesli sazlaşykly terbiýelemek, olaryň ösüşine ýardam edip, körpeleriň köp dürli başarnyklaryny ýüze çykarjak we höweslendirjek mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmek babatda ähli amatly şertleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk bildirdiler.

Bu ýerde geçen ýyl gurlan 350 orunlyk täze sport mekdebiniň golaýynda, ajaýyp ýerde ýerleşen täze çagalar bagy öz aralarynda birleşdirilen üç sany 2 gatly toplumdan ybaratdyr we 2 gektar meýdany eýeleýär. Täze mekdebe çenli çagalar edarasynyň owadan binasy dürli ýaşdaky çagalaryň 8 topary üçin niýetlenendir. Okuwlary geçirmek hem-de çagalaryň döredijiligi üçin has oňaýly mebel we ähli zerur enjamlar üpjün edilen giň otaglardan, ýagty ýatylýan otaglardan başga hem täze binada lingafon we kompýuter otaglary, aýdym-saz zaly, sport zaly, lukmançylyk bölümi bar.

Bu ýerde körpeleriň saglygyny goramaga we pugtalandyrmaga aýratyn üns berler. Olaryň beden taýdan taplanmagy, tämiz howada dürli oýunlary oýnamagy üçin çagalar bagynyň abadanlaşdyrylan çäginde dynç almak üçin sekiz sany telär, sport meýdançalary, tomusky howuz bar.

Täze desgada dürli maksatly zerur desgalaryň toplumy, şol sanda häzirki zaman tehnikasy bilen üpjün edilen aşhana hem-de egin-eşik ýuwulýan jaý, energiýa, suw we ýylylyk üpjünçiliginiň özbaşdak ulgamlary ýerleşýär.