Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Jumanyýaz Hudaýbergenow adyndaky geňeşligiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan täze nusgadaky oba diňe “Daşoguzgurluşyk” önümçilik birleşiginiň bölümleriniň işçileriniň we hünärmenleriniň güýçleri bilen ýerine ýetirilýär. Banklar tarapyndan berilýän ýeňilleşdirilen ipoteka karz pul serişdeleriniň hasabyna ähli amatlyklary bolan bir we iki gatly hususy ýaşaýyş jaýlarynyň ýetmiş bäşisi owadan arhitektura görnüşinde gurulýar.
Uly gurluşyk meýdançasynda eýýäm ýaşaýyş jaýlarynyň onysynda bişen kerpiçden ikinji gatyň diwarlarynyň boýy barha ýokary galýar. Bu täze iki gatly alty otagdan ybarat bolan jaýlaryň her birinde oňaýly şertlerde ýaşamak üçin ähli şertler dörediler. Taslama bilen gowlandyrylan otaglar göz öňünde tutulandyr: giň myhmanhana otagy, oňaýly ýatylýan otag, giň girelge we aşhana otaglary, aýratynlykda sanuzeller bardyr. Jaýy ýylatmak üçin her bir jaý ýylatmagyň özbaşdak ulgamy bilen üpjün ediler. Jaýlaryň daş-töweregini bolsa baglar we güller bezärler.
Jaýlaryň gurluşygyna başlanany bäri “Daşoguzgurluşyk” önümçilik birleşiginiň bölümleriniň toparlarynyň güýçleri bilen umumylykda 4 million 871 müň münütlyk iş ýerine ýetirildi.