Ï Welaýatlarda täze binalar ulanmaga berilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Welaýatlarda täze binalar ulanmaga berilýär

view-icon 702
Şu gün Amyderýa jülgesiniň mekdep ýaşyna çenli edaralarynyň üsti döwrebap çagalar baglarynyň ýene-de ikisi bilen ýetirildi. Saýat etrabynyň Mülk obasynda hem-de Magdanly şäheriniň “Çärjew” geňeşliginde täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Olar degişlilikde 160 we 170 orna niýetlenendir hem-de Lebap welaýatynyň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça ýerli gurluşykçylar tarapyndan guruldy. Bu desgalar şol obalaryň binagärligi bilen aýratyn sazlaşyk döretdi.

Şu gün baýramçylyk lybasyna beslenen çagalar şäherjiklerinde aýratyn dabaraly ýagdaý dowam edýär. Aýdym-sazlaryň owazy, bagtyýar çagalaryň sesleri belentden we şadyýan ýaňlanýar. Täze möhüm desgalaryň açylmagy mynasybetli körpeleri hem-de olaryň ene-atalaryny welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular gutladylar.

Dabaralarda edilen çykyşlarda ösüp gelýän nesil barada aýratyn alada edýändigi, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna uly üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy. Ýurdumyzyň gündogar sebitinde nobatdaky binalaryň açylmagynyň milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen “Döwlet adam üçindir!” ýörelgäniň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydygy bellenildi. Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynyň dowamynda bu welaýatda täze durmuş-ykdysady maksatly desgalaryň 20-ä golaýy, şol sanda çagalar baglarynyň dokuzsy ulanmaga berildi.

Şu gün açylan täze çagalar baglarynda körpeleriň sazlaşykly ösmegi we terbiýelenmegi üçin ähli şertler döredildi. Oňaýly we ýagty ýatakhanalar, oýun we okuw otaglary çagalaryň hyzmatyndadyr. Körpeler okuw otaglarynda surat çekmegi, şekilleri ýasamagy, aýdym-saz zalynda bolsa aýdym aýtmagy we tans etmegi öwrenerler. Lingafon otagynda çagalar daşary ýurt dillerini öwrenerler, kompýuter otagynda bolsa informatikanyň başlangyç bilimlerini ele alarlar. Okuw otaglary döwrebap abzallar bilen, lukmançylyk otagy bolsa degişli enjamlar bilen üpjün edildi.Çagalar bagynda özbaşdak inženerçilik ulgamlary sazlaşykly işleýär.

Çagalar bedenterbiýe we sport bilen hem höwesli meşgullanarlar. Zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen sport zallary, suwa düşülýän howuzlar, çagalar şäherjikleriniň abadanlaşdyrylan çäklerindäki sport meýdançalary körpeleriň hyzmatyndadyr. Telärler, dynç alynýan ýerler, depejikler we hiňňildikler hem çagalaryň ygtyýarynda bolar. Çagalar baglarynyň howlularyny bolsa ertekileriň gahrymanlarynyň şekilleri bezeýär.

Täze desgalaryň açylyş dabaralarynda tapawutlanyp işlän gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.