Ï Ahalyň iň gowy lukmany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ahalyň iň gowy lukmany

view-icon 595
Änew şäheriniň “Çynar” dabaralar merkezinde “2014-nji ýylyň iň gowy lukmany” bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi. Bu bäsleşigi guraýjylar - Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi, ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ony iki şanly senä – Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerini gününe hem-de “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň 19 ýyllygyna bagyşladylar.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, lukmanlar bäsleşigiň dört tapgyryny geçmeli. Birinji tapgyrda lukmanlar tomaşaçylary we emin agzalaryny özleri bilen tanyşdyrmaly. Ikinji tapgyrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň derman ösümlikleri” kitaby we beýleki eserleri boýunça düzülen sowallara jogap berdiler. Üçünji tapgyr lukmanlaryň syrkawlar bilen işleşmeginiň medeniýeti, dördünji tapgyrda bolsa, olar öz hünärleri boýunça soraglara jogap berdiler.

Soňky ýyllarda sebitiň saglygy goraýyş ulgamynda ep-esli özgertmeler bolup geçdi. Etrap keselhanasy, öňüni alyş-maslahat beriş bölümi we tiz kömek merkezi işleýär. “2020-nji ýyla çenli döwür üçin obalaryň, şäherçeleriň, etraplaryň şäherleriniň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgetmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň milli maksatnamasyna” laýyklykda, merkezi etrap keselhanasynyň iç keselleri we zenan keselleri bölümleriniň düýpli durky täzelendi. Şeýle hem onuň Gämi obasyndaky bölüminiň hirurgiýa, çaga dogluş we reanimasiýa bölümleriniň durkuny täzelemek boýunça gurluşyk işleri geçirildi, Magtymguly adyndaky obada 15 orunlyk oba saglyk merkezi guruldy. Döredilen ulgam lukmanlara we orta hünärli lukman işgärlerine öz işlerini, ilkinji nobatda bolsa lukmançylyk bejeriş edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmeginiň hasabyna, gowlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Etrap keselhanasynyň maşgala lukmany Bahargül Tüýliýewa bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Ol Ak bugdaý etrabynyň adyndan wekaýat bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandy.