Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» diýen at bilen saýlanan eserleriniň 7-nji tomy çapdan çykdy. Kitapda döwlet Baştutanymyzyň 2013-nji ýyldaky maksatlaýyn çykyşlary we sözlän sözleri, interwýulary, ýüzlenmeleri we gutlaglary ýerleşdirildi. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl ata Watanymyzyň iň täze taryhyna ýalkymly sahypalary ýazan we ýurduň parahatçylygyň we döredijiligiň röwşen ýoly bilen okgunly öňe gitmegine aýdyň şaýatlyk edýän köp sanly asylly başlangyçlara, ajaýyp işlere we ýatdan çykmajak wakalara beslendi.
Neşir «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ynamly gadamlary» diýen giriş makalasy bilen açylýar, onda anyk maglumatlaryň esasynda Garaşsyz Türkmenistanyň geçen ýyldaky ägirt uly gazananlary beýan edilýär. Bu uly üstünlikleri gazanmak milli Liderimiziň başlangyjy we onuň ýolbaşçylygy astynda mümkin boldy. Döwletde we jemgyýetde bolup geçýän oňyn özgerişlikleri seljermegiň esasynda neşirde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň ykdysady kuwwatynyň berkemeginiň, häzirki we geljekki nesilleriň durmuş abadançylygynyň derejesiniň we hiliniň ýokarlanmagynyň bähbidine gönükdirilen syýasatynyň belent ruhy we döredijilik güýji giňden açylyp görkezilýär.Şu ýerde döwlet Baştutanymyzyň Bitarap Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi bilen syýasy gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, daşary ýurtlaryň köpüsi bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we medeni-gumanitar gatnaşyklary giňeltmek boýunça işjeň halkara işi hem öz beýanyny tapdy.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz döwleti hemmetaraplaýyn berkitmäge, jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda kanunçylygyň we hukuk tertibiniň berjaý edilmegine, güýçli döwlet häkimiýetiniň halkyň demokratik däpleri bilen utgaşdyrylmagyna, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagynyň halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirilmegine aýratyn üns berýär. Hormatly Prezidentimiz kanunlary döwleti dolandyrmagyň örän möhüm guraly hasap etmek bilen, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň, ilatyň maddy abadançylygynyň we medeni derejesiniň meselelerini çözmekde durmuş ýagdaýlaryny hasaba alyp, milli kanunçylygy hemişe kämilleşdirip durmagy nygtaýar.
Kitaba girizilen materiallar milli Liderimiziň ýurdumyzda her bir raýatyň aňynda sagdyn, işjeň we medeniýetli durmuş keşbiniň kemala gelmegine, şahsyýetiň sazlaşykly ösmegine, ýaşlary ýokary adamkärçilik ýörelgeleriniň, milli däp-dessurlaryň we umumadamzat gymmatlyklarynyň ruhunda terbiýelemäge uly ähmiýet berýändigi görkezilýär. Adamyň ruhy, ahlak dünýäsiniň esasynda, ilkinji nobatda, Watana bolan söýginiň, Watany has kuwwatly, has baý we has owadan etmäge bolan hyjuwyň ýatmalydygy nygtalýar. Hormatly Prezidentimiz bu ugurdaky wezipeler barada aýdyp, ýaşlara watançylyk, zähmet, ahlak we estetiki terbiýäni bermegiň örän möhümdigini, olarda jemgyýetçilik işeňňirligini, jogapkärçiligi terbiýelemegiň gowşamaýan depginde, yzygiderli alnyp barylmagynyň derwaýysdygyny belleýär.
Täze neşire şeýle hem türkmen döwletiniň XXI asyrda umumydünýä ösüşiniň wagtyň ruhuna we meýillerine laýyk gelýän halkara hyzmatdaşlygynyň täze görnüşleriniň döredilmegine saldamly goşant goşan parahatçylyk söýüji we adalatly syýasatynyň meselelerine bagyşlanan materiallar girizildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow zehinli diplomatyň uzakdan görüjiligine eýe bolan, häzirki zamanyň görnükli syýasy, döwlet we jemgyýetçilik işgäri hökmünde bütin dünýäde giňden meşhurdyr. Dünýä jemgyýetçiligi türkmen Lideriniň ýokary derejedäki halkara forumlarynda öňe sürýän tekliplerini goldaýar. Türkmen döwletiniň netijeli gepleşik geçirmäge taýýarlygy halkara hyzmatdaşlygyny ep-esli işjeňleşdirmäge we gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berdi. Şunuň netijesinde Türkmenistan ýokary halkara ykrar edilmesine we abraýyna mynasyp boldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň halkyň biragyzdan goldawyna mynasyp bolan batyrgaý oý-pikirleri gözümiziň alnynda anyk işlerde durmuşa geçýär, gadymy türkmen topragyny tanalmaz derejede özgerdýär. Bazar gatnaşyklaryna we innowasion-senagat tehnologiýalaryna geçýän ykdysadyýetimiz kuwwatlanýar, bilim we ylym dünýä derejesine çykýar; medeniýet we sungat älemgoşar öwüşgini bilen gülläp, gül açýar, ýurdumyzyň dünýädäki abraýy, orny we täsiri has ýokarlanýar.
Neşiri geçen ýylyň iň möhüm wakalaryna bagyşlanan gysgaça fotohronika jemleýär.
Bu neşir örän möhüm ylmy-resminamalaýyn we maglumat çeşmesi bolmak bilen, ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň çuňlugyny we reformatorçylyk pikirleriniň täzeligini, progressiw ugruny we ynsanperwerlik düýp mazmunyny giňden açyp görkezýär. Bu neşiriň watançylyk ylmyny, aýratyn-da taryhy, syýasaty öwreniş ylmyny, jemgyýeti öwreniş ylmyny mundan beýläk-de döredijilikli ösdürmek üçin nazaryýet we tejribe ähmiýeti bardyr, şeýle hem milli Liderimiziň ideologiýasyny we syýasatyny wagyz etmekde, ýurtda bolup geçýän ägirt uly özgertmeleri giňden beýan etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Kitap ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek işinde, olarda berk ynamy we sagdyn ýaşaýyş obrazyny kemala getirmekde, olarda raýat jogapkärçiligi duýgusyny berkitmekde hem bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedir.
Neşir çap edilmäge Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwi tarapyndan taýýarlandy we türkmen hem-de rus dillerinde aýratyn kitap bolup çykdy. Häzirki wagtda bu kitap iňlis dilinde hem çapa taýýarlanylýar, munuň özi neşiriň ýurdumyzda hem, onuň çäklerinden daşarda hem giň okyjylar köpçüligine elýeterli bolmagyny üpjün eder.