Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginiň çäklerinde nusgalyk häzirki zaman görnüşindäki şäherçäniň gurluşygy alnyp barylýar.
Bu günki gün geljekki toplumlaýyn ilatly nokadyň giň çäklerinde döwlet we ýerli hususy kärhanalarynyň hünärmenleriniň güýçleri bilen durmuş, medeni, dolandyryş ähmiýetli binalaryň birnäçesiniň gurluşyk işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar, doly bahaly gurluşy emele getitýän suw geçirijiler ulgamy, ulag ýollary, beýleki kommunikasion ulgamlar çekilýär.
Täze gurluşyklaryň hatarynda – häzirki zaman şäher gurluşyk we milli binagärlik däpleri esasynda gurulýan şäherçe geňeşliginiň dolandyryş binasyny görkezmek bolar.Bir ýüz altmyş orunlyk häzirki zaman görmüşindäki bäş gatly çagalar bagynyň binasynyň boýy barha ýokary galýar. Çagalar şäherçesiniň binalarynda oňaýly oýun, ýatylýan otaglar, kompýuter, lingafon, saz klaslary, naharhana, lukmançylyk nokady, geýim ýuwulýan, beýleki kömekçi jaýlar ýerleşer. Golaý ýerleşýän çäklerde dürli çäreleri geçirmek üçin niýetlenen ykjam meýdança, açyk howada hereketli oýunlary geçirmek üçin meýdança, üsti ýapyk tomusky telärler ýerleşer. Bir söz bilen aýdylanda, çagalaryň hemme taraplaýyn sagdyn ösmekleri üçin ähli şertler dörediler.
Dolandyryş, durmuş ähmiýetli desgalaryň ählisiniň gurluşygy, täze gurluşygyň beýleki desgalary ýaly, Daşoguzyň 2-nji gurluşyk kärhanasyna ynanyldy. Häzirki wagtda täze obanyň çäklerinde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň kyrkysy ýeňilleşdirilen karz pul serişdeleriniň hasyna gurulýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň ykjam gurulmagy: giň myhmanhana otagy, oňaýly ýatylýan otag, belent üçekli giň girilýän ýer, aýratyn sntehniki ulgamy, uly aşhana ýaşamak üçin amatly şertleri döreder.
“Älem açar” hususy kärhanasynyň toparalry azyk harytlary dükanynyň gurluşygy bilen meşgullanýar. Bu dükan şäher supermarketlerinden birjik hem peslär ýaly däl. Şäherçäniň baş meýilnamasyndan görnüşi ýaly, bu ýerde dört ýüz ýigrimi orunlyk orta mekdebiň binasy, Saglyk öýüniň binasy, iki ýüz orunlyk giň zally Medeniýet öýüniň binasy, bazarly söwda merkeüiniň bimasy, toý dabaralar merkeziniň bimasy,aragatnaşyk bölüminiň binasy gurlar. Şeýle hem önümçilik gurluşyny ösdürmek maksady bilen, çörek bişiriýäni, ýyladyşhana hojalygyny gurmak göz öňünde tutulandyr.Bu bolsa täze iş orunlarynyň döredilmegine itergi berer.
“Ýüpek ýoly” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri eýýäm agyz suwy üçin guýynyň gurluşygy bilen meşgullanýarlar. Täze suw geçirijiler ulgamyny, lagym ulgamyny, gaz geçirijileri çekmek meýilleşdirilýär. Etrap ýol-gurluşyk kärhanalaryna täze emele gelýän ilatly nokadyň içki ýollarynya asfalt düşemek ynanyldy. Şäherçäniň ýaşaýjylary stasionar we ykjam telefon aragatnaşygy bilen üpjün ediler, şeýle hem olara Internet aragatnaşyk ulgamyna birikdirmek hem elýeterli bolar. Şäherçäniň dürli künjeklerinde seýilgähler we bagçylyklar dörediler. Pürli we bezeg baglary, gül ekilýän ýerler meýdançalary we ýaşaýyş etrapçalaryny bezär.
Täze ýol geňeşliginiň çäklerinde gurulýan täze şäherçäniň gurluşyk işlerini 2016-njy ýylyň iýun aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär.