Ï Milli Liderimize bagyşlanan kitabyň tanyşdyryş çäresi boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli Liderimize bagyşlanan kitabyň tanyşdyryş çäresi boldy

view-icon 962
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň işine bagyşlanylan «Dünýäde ykrar edilen Lider» atly täze kitabyň çapdan çykmagy ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşynda ägirt uly ähmiýetli waka boldy. Şu gün bu neşir bilen tanyşdyryş Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň mejlisler zalynda geçirildi.

Täze kitap bilen tanyşdyryş dabarasyna hökümet agzalary, milli parlamentiň deputatlary, birnäçe ministrlikleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, hormatly ýaşulular, görnükli alymlar hem-de syýasatçylar, medeniýet we sungat işgärleri, žurnalistler, okuwçy ýaşlar, şeýle hem ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjy daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.


Bu ýere ýygnananlar täze neşire ýokary baha berdiler, şonda döwletleriň we abraýly halkara guramalaryň baştutanlarynyň, görnükli jemgyýetçilik işgärleriniň, tanymal alymlaryň, medeniýetiň we sungatyň, dünýäniň işewür toparlarynyň görnükli wekilleriniň aýdanlary jemlenýär. Türkmen Lideri bilen ýokary derejedäki gepleşikleriň stolunyň başynda haçan hem bolsa duşuşanlaryň, halkara maslahatlaryň belent münberinden milli Liderimiziň çykyşlary, resmi däl ýagdaýda hormatly Prezidentimiz bilen pikir alşanlaryň ählisiniň aýdanlary bir ýere jemlenýär.

Ýaşy, milleti, dünýägaraýşy dürli-dürli bolan adamlar Türkmenistanyň Prezidenti hakynda seslenýärler. Olaryň her biriniň öz garaýşy, Türkmenistanyň Baştutanynyň işine öz berýän bahasy bar, olaryň her biri türkmen Lideriniň şahsyýetinde özüne mahsus alamatlary görýärler. Ýöne bir ýere birleşdirilen bu aýdylanlar Türkmen döwletiniň Lideriniň, alymyň, özgerdijiniň, ynsanperweriň, adamlar üçin açyk bolan, öz Watanyny tüýs ýürekden söýýän, mähriban türkmen halkynyň bagtyna guwanýan ynsanyň bir bitewi we köp öwüşginli keşbini döredýärler.

Tanyşdyryş çäresine gatnaşyjylaryň biragyzdan belläp geçişleri ýaly, halkara derejede milli Liderimiziň hyzmatlarynyň ykrar edilmegine şaýatlyk edýän bu uly möçberli neşiriň çapdan çykmagy ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda ähmiýetli waka boldy. Täze kitap her bir okuwçy, her bir mugallym we terbiýeçi üçin ýankitap bolmalydyr, sebäbi ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp şahsyýeti we döredijilikli işi hakynda gürrüň berip, özünde uly oňyn güýji jemleýär diýip, çykyş edenler belläp geçdiler. Kitabyň terbiýeçilik ähmiýeti täze neşiriň gürrüňsiz suratda ajaýyp taraplarynyň hatarynda bellenip geçildi. Uly ýaşly nesliň wekilleri, ýurdumyzyň hormatlanylýan adamlary kitabyň ýaşlary watançylyk we ahlak taýdan terbiýelemekdäki orny hakynda öz pikirlerini aýtdy. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň her bir güni, her bir sagady Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň täze gözýetimlerini açýan möhüm işlere beslenendir diýip, bu ýere ýygnananlar belläp geçdiler.


«Dünýäde ykrar edilen Lider» atly kitapda ýerleşdirilen materiallar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň okyjylaryň giň topary üçin uly gyzyklanma döredýän terjimehalyny we köpugurly daşary syýasy işini beýan edýär diýip, çykyş edenler nygtap geçdiler. Şol materiallar ýurdumyzyň Prezidentiniň jogapkärli wezipesinde ilkinji gününden başlap öz öňünde we tutuş jemgyýetiň öňünde ählihalk tarapyndan saýlanan Türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary jogapkärçiligi hakynda aýdyň düşünje berýär. Kitabyň materiallary Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdebaryjy işiniň, halkara derejede öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanýandygyny tassyklaýandygynyň hem aýdyň subutnamasy bolup durýar.

«Dünýäde ykrar edilen Lider» atly kitabyň Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çaphana derejesinde neşir edilendigini, özboluşly we baý bezegi bilen tapawutlanýandygyny hem belläp geçmeli.

Tanyşdyryş çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, milli Liderimizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny ynandyrdylar.

Mejlisler zalynyň eýwanynda sergi ýaýbaňlandy, onda Türkmen döwletiniň Baştutanynyň işleri, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe neşir edilen kitaplary görkezilýär. Halk bagşy-sazandalaryň çykyşlary baýramçylyk ýagdaýyny döretdi.