Ï Sürüjiler ýokary ussatlygy görkezýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sürüjiler ýokary ussatlygy görkezýärler

view-icon 676
Seýdi şäheriniň awtodromynda üç günüň dowamynda ýangyn söndüriji ulaglaryň sürüjileriniň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Bu nobatdaky birinjilik welaýatlaryň ählisinden we paýtagtdan toparlaryň 11-den ýaryşa gatnaşyjylaryň 22-ni ýygnady.

Ulagy aýlawly görnüşde sürmek iň çylşyrymlysy we tomaşalysy boldy. “ZIL-130” kysymly ulglaryň sürüjileri päsgelçilikli zolaklary geçdiler. Ilki bilen – doly aýlawy, soňra 0,74 metr bolan aralykdaky agaç sütünleriniň arasyndan, olary ýykmazlyga çalşyp, ilki bilen sag tarapdaky we iki esse giňlikden yzky tigirler bilen geçdiler. Ondan soň üsti 10 tonna suwly ulaglaryny iza sürmek arkaly bellenilen ýerde goýdular. Ondan soňra bolsa “sekizlik” we beýleki nyşanlary ýerine ýetirdiler.

Bäsleşigiň ikinjisi suw desgasy boldy. Sürüjiler ýangyn söndürýäniň suw geçirijisini suw desgasyna goýýar, ony ýangyn söndürýän ulagyň suw sorujy enjamyna birikdirýär. Bäsleşýän jübütleriň wagty haçan-da suw pürküjiniň ujundan suw pütkülip ugranda kesgitlendi.


Bäsleşigiň üçünji we dördünji görnüşleri ýol hereketiniň düzgünlerini bilmekden we ulgayň gurluşyny bilmek boýunça teoretiki synaglardan ybarat boldy. Awtodromyň golaýynda emeli usulda döredilen ýangyn ojagyny suw bilen we köpürjik bilen söndürmegiň usuly görkezildi.

Birinji orun we kubok Lebap welaýatynyň toparyna gowşuryldy. Onda Türkmenabadyň ýangyn söndüriji bölüminiň işgärleri Begendik Hatamow we Begenç Seýidow dagy çykyş etdiler.. Olar mundan öň hem iki sapar Türkmenistanyň çempiony bolupdylar. Ikinji orna 4-nji ýangyn söndüriji topara - Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda gulluklaryny geçirýän Ikram Italmazowa we Jumamyrat Haýdarowa berildi. Şeýle hem iň gowy üçlige Mary welaýatynyň Şatlyk şäherinde ýerleşýän üçünji ýangyn söndüriji topar – Wepa Bakaýew we Çary Jumadurdyýew dagy düşdi.

Toparlaýyn we şahsy birinjilikde baýrak alanlaryň ählisi gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy. Seýdi şäheriniň medeniýet öýüniň artistleri bolsa bäsleşige gatnaşanlaryň göwünlerini aýdym-saz bilen hoşladylar.