BMGÖM we Türkmen körler we kerler jemgyýetiniň (TK we KJ) bilelikdäki taslamasy maýyp zenanlaryň durmuş integrasiýasyna gönükdirilendir. Taslama zenanlaryň 55-si gatnaşýar. Olar üçin ýörüte çärelerden başga hem ministrliklere, jemgyýetçilik guramalaryna saparlar guralýar, Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýolbaşçy zenanlar, hukukçylar, medeniýet, bilim işgärleri, lukmanlar bilen duşuşyklar guralýar. Olar öz alyp barýan işleri boýunça toplan tejribelerini paýlaşýarlar.
Bu duşuşyklarda mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryň durmuş integrasiýasy, eşdişi we görşi gowşak bolan zenanlar üçin mümkinçilikleri giňeltmekligi sazlaşdyrmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Türkmenistan 2008-nji ýylyň sentýabr aýynda Maýyplaryň hukuklary baradaky konwensiýa Merkezi Aziýada ilkinji bolup goşuldy we onuň 2010-njy ýyldaky fakultatiw protokolyny tassyklady. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilýeti hyzmatdaşlygyň öňki tejribelerine daýanmak bilen, 2012-nji ýylda täze taslamany beýan etdi. Onuň ymymy maksady mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryň durmuş integrasiýasyny mundan beýläk hem öňe sürmekden we TK we KJ, döwlet edaralarynyň, ýerli häkimeýet guramalarynyň, hususy bölek we halakara guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk aragatnaşygyny döretmekden ybaratdyr
Taslamanyň çäklerinde 2014-nji ýylda eşdişi we görüşi boýunça maýyp zenanlaryň arasynda öňdebaryjy hili ýokarlandyrmak arkaly durmuş integrasiýasyny üpjün etmäge üns berildi. Demokratik institutlar hakynda zenanlaryň bilimini ýokarlandyrmak, häzirki zaman durmuş-ykdysady we syýasy işlerinde, gender meselelerinde we kompýuteri ulanmak, eşidişi we görüşi gowşaklygy dolandyrmak we öňdebaryjylygy güýçlendirmek hem-de bu endikleri maýyplaryň kärhanalarynda iş ýüzünde ýerine ýetirmäge mümkinçulikleri bermek taslamanyň wezipeleri bolup durýar.