Ýakynda “Aşgabat” myhmanhanasynyň dabaralar zalynda Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň dabaraly kabul edişligi boldy. Bu dabara Belarusyň taryhyda ikisany şanly möhüm senä – 70 ýyl mundan ozal 1944-nji ýylyň 3-nji iýulynda belarus topragy faşistik basybalyjylardan halas edildi we bu sene Belarusyň täze taryhynda garaşsyzlyk gazanan güni bilen gabat geldi.
Dabara biziň ýurdumyzyň ýolbaşçylygynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän ilçihanalarynyň ýolbaşçylary, 1941-1945-nji ýyllaryyň urşunyň weteranlary, dini guramanyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Bu günki gün Türkmenistanyň çäklerinde belarus söweşlerinde söweşen uruş weteranlarynyň 59-sy ýaşaýar. Dabarada olaryň birnäçesine Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň adyndan ýubileý medallary gowşuryldy. Elbetde, weteranlaryň köpüsi dabara gatnaşyp bilmediler, ýöne olar Belarusyň Prezidentiniň adyndan ýubileý medallaryny we mähirli hatyny hökman alarlar.
Sylaglananlaryň arasynda – 1-nji, 2-nji, 3-nji Belarus söweşlerinde söweşenler, partizançylyk hereketlerine gatnaşyjylar: Guwamç Myratlyýew, Nikolaý Gorşkow, Artýom Bagdasarow, Nikolaý Kozyrew, Nurberdi Guşlyýaw ýaly weteranlar bar. Şol gün bu ýere ýygnanlardan birnäçe mähirli eşiden sözleri berilen baýrakdan hem has möhüm boldy. Indi parahat durmuşda ýaşamak bilen biziň her birimiz ýer ýüzünde parahatçylygyň saklanmagy üçin jogapkärdiris.