Ï Milli Liderimiziň belent ýörelgeleriniň maksady halkyň saglygyna gönükdirilendir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli Liderimiziň belent ýörelgeleriniň maksady halkyň saglygyna gönükdirilendir

view-icon 762
Jemgyýetiň saglygynyň goralyşyny ösdürmegiň derejesi islendik ýurtda ilatyň ýaşaýşyna, döwlet nusgasynyň we durmuş babatdaky syýasatynyň netijeliligine degişli esasy görkezijileriň biri bolup durýar. Çünki hut şu ugurda esasy ýörelgeler jemlenip, bular döwletiň işinde adam bilen bagly ölçegiň, “Il saglygy – ýurt baýlygy” diýen düşünje arkaly kesgitlenýän gymmatlygyň many - mazmunyny äşgär edýär. 1995-nji ýylda kabul edilen “Saglyk” döwlet maksatnamasy ýurdumyz üçin umumymilli we uzakmöhletleýin taslama öwrüldi, şonuň gözbaşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durup, uzak ýyllaryň dowamynda bu pudaga gözegçilik etdi we saglygy goraýyş döwlet syýasytynyň ylmy esaslaryny işläp taýýarlady.

Ýurdumyzda şu maksatnamany tapgyrlaýyn durmuşa geçirmegiň wezipeleri saglygy goraýyş ulgamy boýunça düýpli özgertmeleriň düzülmegini kesgitledi, şol özgertmeler milletiň saglygyny pugtalandyrmak, genofonduny sagdynlaşdyrmak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak boýunça umumy we öňüni alyş çärelerden başlap, maddy enjamlaýyn binýadyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna we ösdürilmegine, saglygy goraýşa degişli hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna we beýlekilere çenli ähli işler babatda tutuş ulgamda oňyn öňegidişlikleriň gazanylmagyna getirýär.

Saglygy goraýyş adamyň işiniň belli bir ugry boulp, şunda ahlaga degişli esaslar, bilimlere, tejribä, ylma we tehnika eýerýän hünärmenleriň şahsy häsiýetleri ileri tutulýar. Häzirki döwürdäki tehnolgiýalar we enjamlar her näçe kämil bolsa-da, bular hünärmenlere adamlara has netijeli kömek bermäge, durmuşyň, hereketiň, saglygyň şatlygyny duýmaga ýardam etmegiň serişdesidir. Hut şu asylly başlangyçlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň ruhy özenini düzýär. Milli Liderimiziň mähriban halkymyza ýadawsyz hyzmaty, watançylyk borjuna ygrarlylygy, alymyň we lukmanyň yhlasy şol özgertmelere badalga berip, bularyň üstünlikli bolmagyna getirdi.

Ilatyň zähmete ukyplylygy bilen gös-göni bagly bolan saglygynyň ýagdaýyna, umuman, döwletiň ykdysady işjeňligine-de täsirini ýetirýändigine söz ýök. Ýöne türkmen döwletiniň öz raýatlary baradaky aladasynyň özeni diňe bir halk hojalygyna degişli oýlanyşykly ýörelgelere bagly bolmak bilen çäklenmän, ilkinji nobatda, her bir adamyň saglyk, döwrebap lukmançlyk hyzmaty babatdaky aýrylmaz hukugynyň üpjün edilmegine, ilat üçin dürli ugurlara degişli göwnejaý hilli hyzmatlarynyň elýeterli bolmagyna esaslanýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň bu ynsanperwerlik ýörelgesi has-da äşgär boldy. Şunda ilatyň saglygynyň goralmagyna degişli meseleler diňe bir saglygy goraýyş ulgamyna degişli bolmak bilen çäklenmän, jemgyýetçilik, döwlet we şahsyýet derejelerinde ileri tutulýan ugurlaryň hataryna goşulyp, durmuş-ykdysady ösüşiň ähli taraplaryna degişli bolup durýar. Şunda adam, onuň abadançylygy, göwnejaý ýaşaýşy has ileri tutulýar. Bu günki gün saglygy goraýyş boýunça döwlet syýasatynda her bir adamyň öz saglygy üçin jogapkärçiliginiň artdyrylmagy hem-de döwletiň munuň üçin ähli şertleri, mümkinçilikleri döretmegi we hemmetaraplaýyn goldaw bermegi göz öňünde tutulýar.

Saglygy goraýyş boýunça syýasat daşky gurşawy goramak, ykdysady we bilim syýasaty, medeniýet we ruhy dünýä, sport boýunça hem amala aşyrylýar. Bir söz bilen aýdanyňda, bu syýasat adamlaryň beden we ruhy taýdan saglygy üçin möhüm ähmiete eýe bolan ähli ugurlarda durmuşa geçirilýär. Köpçülikleýin bedenterbiýe hereketi we ýurdumyzdaky azyk önümleriniň hilini gowulandyrmak, arassaçylyk – ekologiýa kadalaryny we zähmet, bilim, adamlaryň durmuşy we dynç almagy boýunça göwnejaý şertleri hem-de maşgalanyň has ileri tutulmagyny üpjün etmek, ahlak gymmatlyklaryny we sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek millietiň saglygy bilen baglylykda lukmançylygyň tehnologiýa degişli ösüşine garanyňda jemgyýete we adama has köp peýda getirýär.

Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutuş durmuş-ykdysady gurluşda saglygy goraýşyň ösdürilmegine aýratyn üns berip, onuň lukmançylyk kömegi boýunça döwrebap ülňülere, ýurdumyzdaky ýörelgeleriň we häzirki döwürde dünýädäki gazanylanlar bilen goşulyşylmagyna, umuman alanyňda, ähli ölçegler boýunça ýaşaýşyň hiliniň gowulandyrylmagyny göz öňünde tutmak arkaly, ilatyň saglygynyň goralmagyna toplumlaýyn çemeleşilmegine gönükdirildi.

“Saglyk” döwlet maksatnamasynda döwlet we pudaklaryň dereşjesindäki çäreleriň toplumynyň amala aşyrylmagy göz öňünde tutuldy, şolaryň arasyndan saglygy goraýşy, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek we ony höweslendirmek, saglygy goraýyş bilen bagly çäreleri amala aşyrmak we ýaramaz endiklere garşy göreşmek, aýratyn-da, çagalaryň we ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek üçin şertleri döretmek baradaky işleriň göz öňünde tutulandygyny bellemek gerek.

Maşgala lukmançylygyna mahsus esaslara görä, ilkinji lukmançylyk kömegine, ýokary tehnologiýaly ylmy tutumly saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ornaşdyrylmagyna, ylmy-amaly barlaglaryň täze ugurlarynyň ösdürilmegine gönükdirilen ulgam kemala getirildi. Şonuň bilen birlikde, soňky ýyllarda şypahana ulgamy, lukmançylyk, şol sanda ýerli çig mal esasynda bejeriş serişdelerini we lukmançylyk maksatly önümleri öndürmek boýunça derman senagaty batly depgin bilen ösdürildi.

Biziň günlerimizde ylmy lukmançylyga we milli lukmançylyga mahsus ýörelgelere täzeçe garalyp, türkmen topragynda bitýän köpsanly dermanlyk ösümlikleriň bejeriji güýji ykrar edilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işinde fitoterapiýanyň köpsanly syrlary beýan edilýär. Dürli dillerde sap edilen bu iş dünýäniň ylmy lukmançylygy, şeýle hem okyjylaryň giň köpçüligi üçin hakyky genji-hazyna öwrüldi.

Aşgabatda we welaýat merkezlerinde döwrebap lukmançylyk merkezleri guruldy, şonuň netijesinde saglygy goraýşyň täze nusgasynyň ýörelgelerine laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň giň toplumy döredildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welýatlarda, obalarda, etraplaryň şäherleriniň derejesinde saglygy goraýşyň ösdürilmegine içgin üns berýär, etraplaryň täze hassahanalary we Saglyk öýleri guruldy. Bularyň arasynda öňden hereket edýänleriň durky dolulygyna täzelendi.

Türkmenistanyň meşhur “Baýramaly”, “Mollagara”, “Arçman”, şeýle hem “Ýyly suw” we “Farab”, “Berzeňňi” ýaly meşhur şypahanalaryň durkunyň düýpli täzelenendigi we döwrebaplaşdyrylandygy barada aýtman geçmek bolmaz, bular dünýä ülňülerine laýyk derejede hyzmat etmek arkaly adamlaryň saglygyny dikeldýän döwrebap we oňaýly merkezlere öwrüldi. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda demirgazyk welaýatda “Daşoguz” şypahanasy açyldy.

Hazaryň kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda saglyga we dynç alşa degişli giň gerimli düzüm döredildi. Ol halkara şypahanasy diýen derejä laýyk gelip, keseliň öňüni almak we bejeriş-anyklaýyş býounça has kämil enjamlar bilen üpjün edilendir, bu ýerde kaşaň myhmanhanalardan, şypahanalardan, dynç alyş öýlerinden ybarat merkezler ýerleşýär. Häzirki wagtda bejerişi we saglygyň berkidilmegini guramak bilen baglylykda türkmen şypahanalary dünýä derejesine çykýar. Şunda ýurdumyzyň lukmançylyga degişli hyzmatlarynyň, bejeriş häsiýetli serişdeleriň eksport babatdaky gymmatlygyny artdyrýar, “Türkmenistan - melhemler mekany” atly kitabynda şol serişdeleriň aglabasy barada jikme-jik gürrüň berilýär.

Ynsanperwerligiň belent ýörelgeleri, saglygy goraýşyň ylmy we hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, şäherlerde we obalarda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) ýörelgelerine laýyklykda lukmançylygy ösdürmek – bularyň ählisi lukmançylyk we ykdysady ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, ýakynda we uzakda ýerleşýän daşary ýurtlaryň köpsanly uniwersitetleriniň, institutlarynyň, halkara akademiýalarynyň hormatly akademigi, professory we doktory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş boýunça ýöredýän döwlet syýasatynyň ähli aýratynlyklarydyr.

Ýurdumyzda biräçe ýokanç keselleriň aradan aýrylandygy baradaky halkara güwänamalar, şeýle hem türkmen lukmanlarynyň şu ugurda toplan tejribesini BSGG-niň Ýewropa sebitindäki ýurtlarda ýaýratmak üçin hödürlenmegi Türkmenistanyň saglyga goraýşa degişli wezipeleri berjaý etmekde gazanan üstünlikleriniň ykrar edilendigini görkezýän subutnamalardyr.

Häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça globallaşmagyň barşy bilen gurşalan dünýäde “saglyk” diýen düşünje syýasata degişli giň gerimli ölçege öwrülýär, şunda diňe bir milli däl-de, adamzat siwilisasiýasynyň ählumumy – durmuş-ykdysady, medeni we ruhy ösüşiniň jähetleri jemlenýär. Munuň özi 2013-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) ministrleriň derejesinde ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça geçirilen maslahatynyň gün tertibindäki esasy meselä öwrüldi. Türkmen paýtagtynda lukmançylyk ylmynyň abraýly işgärleriniň, şu ugurdaky esasy halkara guramalarynyň wekilleriniň, Ýewropadaky ýurtlaryň saglygy goraýyş ministrilkleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda şeýle wekilçilikli forumyň geçirilmeginiň özi Türkmenistanyň saglygy goraýşy ösdürmek bilen bagly wezipeleri berjaý etmekde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilatyň saglygyny goramak ulgamyny özgertmekde ýöredýän syýasatynyň oňyn netijeleriniň gazanylmagynyň dünýäde ykrar edilendigini aýdyň görkezdi.

Adamyň saglygy üçin esasy töwekgelçilikli ýagdaýlaryň biri hökmünde temmäkä garşy göreşmek maslahatda garalan esasy meseleleriň birine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan temmäkä gözegçilik etmek boýunça BSGG bilen çarçuwaly konwensiýa gol çekip, ony tassyklamak bilen çäklenmän, ýurdumyzyň ýolbaşçylygynyň häzirki we geljekki nesilleri temmäkini ulanmagyň ýaramaz netijelerinden goramak boýunça göreşde öňdäki hatarda durýandygyny we bu ugra syýasy ygrarlylygy iş ýüzünde görkezýändigini äşgär etdi.

Geçen ýylyň ahyrynda kabul edilen “Raýatlaryň saglygyny temmäki tussesiniň we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goramak hakyndaky” Kanun arkaly Türkmenistanyň raýatlarynyň temmäkiniň tüssesiniň ýaramaz netijelerinden goranmaga hukugy “2012-2016-njy ýyllarda temmäkä garşy göreşmek boýunça herekteleriň meýilnamasy” arkaly durmuşa geçirilýär. Şuňa gönükdirilen başga çäreler hem amala aşyrylýar, BSGG bilen bilelikde geçirilen barlaglaryň netijeleri Türkmenistanyň temmäkäni ulanmak boýunça iň pes görkezijili ýurt bolup durýandygyny hem-de bu görkezijiniň 8 göterime barabardygyny tassyklady.

Şu ýylyň iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow temmäkiniň çekilmegine we munuň ýaýradylmagyna garşy göreşmekde göwnejaý hyzmatlary we uly şahsy goşandy üçin Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ýörite medaly bilen sylaglanyldy. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçysy Margaret Çen tarapyndan bu sylagyň gowşurylmagy adamlaryň saglygyny goramak boýunça ýöredilýän döwlet syýasatynyň netijelidigini hem-de Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan işlenip düzülen we durmuşa geçirilýän ähli oňyn özgertmeleriň diýseň önjeýli netijelerine mynasyp baha berilýändigini görkezýän ýene-de bir nyşana öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek arkaly ildeşlerimize görelde görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sagdyn, hereketli dynç almak, sport bilen yzygiderli meşgullanmak arkaly öz sözlerini iş ýüzünde berjaý edýändigini aýdyň subut edýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ilaty bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga uýgunlaşdyrmak boýunça görülýän çäreleriň netijelidigini ýene-de bir gezek äşgär edip, göwnejaý netijeleri gazanmagyň bir şertine öwrüldi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň raýatlarynyň ömrüniň dowamlylygy 72 ýyldan geçdi.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda ýörite düzüm - Türkmenistanyň Sagdyn jemgyet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy döredildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow neşe serişdeleriniň bikanun ýaýradylmagyna garşy alyp barýan barlyşyksyz göreşi milletiň ykbaly, häzirki we geljekki nesilleriň saglygy barada alada edýän tutuş halkymyz we her bir raýat, şeýle hem dünýä bileleligi we abraýly halkara guramalary tarapyndan oňlanyldy.

Milli Liderimiz ilatyň saglygynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, adamlaryň saglygyny goramak boýunça konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen durmuş-ykdysady we lukmançylyk bilen bagly çäreleriň ulanylmagyndan mümkin boldugyça has oňyn netijäniň gazanylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatyny işläp taýýarlamak arkaly saglygy goraýşa degişli meseleleriň çözülmegine has giňişleýin çemeleşilmegini iş ýüzünde ornaşdyrdy. Munuň özi adamyň kuwwatyny ösdürmek bounça mümkinçiliklere strategiki taýdan garalmagyna esaslanýar.

Çünki saglygy goraýyş biologiýa, demografiýa, medeni we ruhy taýdan köp ugurlary özünde jemleýär. Ýaşaýşyň hiliniň esasy görkezijileri hut şular arkaly äşgär bolýar. Adamlaryň kesellemeginiň derejesi, ömrüniň dowamlylygy, beden taýdan ösüşiniň derejesi – bularyň ählisi belli bir ýagdaýda halkyň däp-dessurlary we tebigy – howa şertleri, jemgyýetiň sowatlylygynyň, bilimliliginiň derejesi bilen baglydyr. Şoňa görä-de milli Liderimiz jemgyýetiň saglygynyň goralmagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça esasy ugurlary kesgitlände, olary daşgy gurşawy goramak, ykdysady, ylym-bilim we medeni ösüş hem-de beýlekiler bilen baglanyşdyrýar.

... Tutuş ýurdumyz boýunça 21-nji iýulda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan dabaralar geçiriler. “Saglyk-2014” atly halkara sergide bu pudagyň üstünlikleri ýene-de has giňden görkeziler. Şol serginiň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyndaky özgertmelere we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine, şu ugurdaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan ylmy maslahat bolar.

Şol günlerde Aşgabatda we welaýatlarda lukmançlygya degişli nobatdaky binalary we desgalary ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bular Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşidrilmeginiň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmagyň, ilatyň saglygyny, her bir raýatyň abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny görkezýän ýene-de bir subutnama öwrüler. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze özgertmelere esaslanýan işinde öz beýanyny tapyp, halkymyzy birleşdirýän milli ýörelge bolup durýar.