Ï 2014-nji ýylyň iň gowy lukmanynyň ady belli boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2014-nji ýylyň iň gowy lukmanynyň ady belli boldy

view-icon 1398
2014-nji ýylyň iň gowy lukmany paýtagtyň 8-nji saglyk öýünde işleýär. Maşgala lukmany Ogulgözel Nurmyradowa Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň guran bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň her ýylda bellenilýän gününiň öň ýanynda geçirilýän “Ýylyň iň gowy lukmany” bäsleşigi baýramçylyk çäreleriniň başyny başlady. Bu dabaraly çäre psýtsgtyň “Parahat” medeni dynç alyş merkezinde geçirildi.

Sebitleýin bäsleşikleriň ýeňijileri, şeýle hem Döwlet sanitariýa-epidemiologiýa gullugynyň, “Türkmendermansenagat” ÖB we Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň bäsleşik tapygyrynyň ýeňijileri – jemi on sany ýeňijiler jemleýji tapgyra gatnaşdylar.


Jemleýji tapgyra gatnaşyjylar jemi üç ugur biýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň ilkinji tapgyrynda olaryň her biri öz işlerine degişli we ýurduň umumy sagly goraýyş ulgamyna degişli bolan işler bilen tanyşdyrmaly. Ikinji ugrunda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýän we öňüni alyş çärelerini beýan edýän döredijilik bäsleşigi görkezildi.

Bäsleşigiň üçünji ugry aýgtly häsiýete eýe boldy. Onda bäsleşige gatnaşýanlar hünär biliminiň derejesini we endiklerini beýan etdiler. Bäsleşige gatnaşanlaryň her biri kliniki keseli beýan edýän – içinde syrkawyň keseli we lukmançylyk gözegçiliginiň jemleri görkezilen bukjany aldylar. Bu maglumatlaryň esasynda diagnoz goýmalydy, bejeriş çärelerini kesgitlemelidi. Ikinji tabşyryk – biziň ýurdumyzyň çäklerinde ösýän anyk dermanlyk ösümlik barada gürrüň bermeli.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisi hem tabşyrylan ýumuşlaryň hötdesinden gelmegi üstünlikli başardylar. Ýaş lukmanlaryň bäsleşige taýýarlygynyň örän gowy bolmagy emin agzalaryna iň ökdäni saýlamak başartmady. Netijede bolsa goşmaça tabşyryk – tiz sowal-jogap usulyny geçirmeli boldy. Bu ýerde paýtagtyň 8-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Ogulgözel Nurmyradowa taý gelen bolmady. Netijede bolsa ol “2014-nji ýylyň iň gowy lukmany” diýen ada mynasyp boldy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly baýraklary aldy. Bäsleşige gatnaşyjylaryň beýlekileri hem döwlet baştutanynyň adyndan gymmat bahaly baýraklary aldylar.