Ï Goý çagalar bagtly bolsunlar!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Goý çagalar bagtly bolsunlar!

view-icon 714
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň“Maslahat” geňeşliginiň ýaşaýjylary Hemra Ahmedowyň we Ogulnabat Rejepowanyň maşgalasynda üçem çaga – iki gyzjagaz we oglanjyk dünýä indi. Olary bu şatlykly waka bilen olaryň obadaşlary, köp sanly garyndaşlary, dost-ýarlary mähirli gutladylar.


Züleýha, Zübeýda, Dawut ady dakylan üçem çaga sagdyn halda dünýä indiler. Mundan öň bu maşgalada bäş çaga bardy, ynha indi bolsa olaryň öýlerine üçemleýin bagt geldi. Olaryň ählisi hem ene-atalarynyň uly söýgisi, mähri, kalp gyzynlygy bilen we döwlet tarapyndan hem uly alada bilen gurşalyp alynandyr. Olaryň kakalary Hemra Ahmedow – telekeçi, çagalary çyn ýürekden söýýär, olary ünsden düşürmeýär. Ejesi Ogulnabat Rejepowa – kärendeçi pagtaçy, “ak altynyň” bol hasylyny yzygiderli alyp gelýär. Olaryň dokuzynjy synpda okaýan gyzy Aýgözel, sekinji synpda okaýan gyzy Bibigözel öý işlerinde ejelerine ýakyndan kömek berýärler. Olar uly jaýy we uly howlyny arassa saklap, nahar taýýarlamaga, jigilerine seredişmäge hem ejelerine kömek bermäge ýetişýärler. Kiçijik çagalaryny – Mährigözeli, Aýsonany we ogullary Oguzhany ene-atanyň zähmetsöýerligi ruhunda terbiýelemek maşgalada asylly däbe we esasy ýörelgä öwrüldi.

Ýurtda ösüp gelýän ýaş nesli abadan durmuş bilen üpjün etmäge, çagalryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmeklerine gönükdirilen maksatnama üstünlikli amala aşyrylýar. Meselem, Daşoguz welaýatynyň şäherlerinde, etraplarynda häzirki zaman stadionly sport desgalary, mekdepleriň, çagalar baglarynyň täze binalary guruldy, durmuş ähmiýetli beýleki desgalaryň birnäçesi ulanylmaga berildi. Welaýatyň ilaty täze görnüşdäki lukmançylyk edaralarynyň hyzmatlartyndan peýdalanýarlar, çagalar dynç alyş merkezleri, sport mekdepleri, medeniýet öýleri, kitaphanalar işleýär.