Ï Ýubileý medallarynyň gowşurylmagy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýubileý medallarynyň gowşurylmagy

view-icon 683
Türkmenbaşy şäherinde uruş weteranlary Hady Abdullowiç Abduline we Wýaçeslaw Mihaýlowiç Şimankine Belarus Respublikasynyň döwlet sylaglary - Belarusyň nemes faşistik basybalyjylaryndan halas edilmeginiň 70 ýyllygy mynasibetli ýubileý medallary gowşuryldy.

Hady Abdulin 2-nji Belarus frontunyň 260-njy atyjylyk polkunda brony deşýän ýaragy atyjy bolup gulluk etdi. Belarusy halas etmek ugrundaky söweşlerde eýýäm “Edermenlik üçin” medalyň eýesi 18- ýaşly esger garşydaşyň tanklarynyň üçüsini ýok etmegi başardy. Bu edermenlik üçin bolsa ol Gyzyl Ýyldyz ordeni bilen sylaglandy.

Wýaçeslaw Mihaýlowiç Şimankin – Watançylyk urşunyň ordenleriniň 1-nji we 2-nji derejeleriniň eýesidir, “Edermenlik üçin” medal we harby edermenligi üçin beýleki tapawutlandyryjy nyşanlar bilen sylaglandy. 19 ýaşly ýaş oglan Gomeliň eteginde 1-nji Belarus frontunyň 69-njy goşunynyň düzümine girýän 274-nji diwiziýanyň 814-nji artilleriýa polkunda aragatnaşykçy bolup söweşdi. 1943-nji ýylyň ahyrynda kuwwatly artilleriýänyň godamagynda biziň pyýada goşunymyzyň köpçülikleýin çozuşy başlandy diýip, weteran ýatlaýar. Batareýalaryň ot açyşyny gönükdrip, aragatnaşykçylar hüjüm edýän goşumyň öň hatarynda hereket etdi. “Öňki saparlar bolşy ýaly, biz indi çalt gitmeýärdik – dyngysyz hüjüm bilen dökülýärdik hem-de duşmandan plasdarm yzyna plasdarymy basyp alýardyk. Giden diwiziýalar bir wagtyň özünde basyp alyjylary gysmak bilen, hüjüme geçýärdiler. Giň Belarus frontunyň ähli ýerinde hüjüm edijilikli söweş barýardy, her bir geçen gün bolsa ýeňişe ýekynlaşdyrýardy”


Bu sylag gowşurmak dabarasyna Balkan welaýatynyň we Türkmenbaşy şäheriniň häkimleriniň orunbasarlary, uruş weteranlarynyň sebitleýin we şäher geňeşleriniň ýolbaşçylary, beýleki kenarýaka jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Weteranlara ýubileý medallary bilen bir hatarda Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň gutlag haty hem gowşuryldy. Onda hususanda şeýle diýilýär: “Ýetmiş ýyl taryh üçin örän gysga wagt, ynsan ölçegleri boýunça bolsa ol giden bir ömür. Belarus halkynyň birnäçe nesli urşuň pajygaly ýagdaýlaryny duýman doguldylar we ösüp ýetişdiler. Bu uly bagt üçin şol döwürde Watanyň garaşsyzlygyny goranlaryň ählisine barçludyrys. Özbaşdak Belarusyň faşyitik basybalyjylardan azat edilmeginiň beýik gününiň – Garaşsylyk güni bilen gabat gelmegi ýönelige däldir.Biz siziň öňüňizde baş egýäris we ýeňiş hem-de ýeňişden soň ýurdy gaýtadan dikeldilmegi üçin hakyky ogul hökmünde minnetdarlygymy kabul ediň!”.

Uruş weteranlary Hady Abdullowiç Abduliniň we Wýaçeslaw Mihaýlowiç Şimankiniň hormatyna geçirilen bu dabarada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.Uruş weteranlarynyň maddy abadançylygy, saglygy we ähli oňalyklary barada yzygiderli alada edýän milletiň baştutany bu şanly sene mynasibetli çal saçly esgerlere suwuk kristally ekranly telewizorlaryň iň soňky nezlini sowgat berdi. Weteranlar sylaglar we sowgatlar üçin Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentlerine hoşallyklaryny bildirip, ýaşuly nesle, faşizimden üstün çykylmagyna goşant goşanlar barada ýakyndan alada edýändigi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar. Olaryň edermenligi Watana janaýamazakly hyzmat etmekde elmydama söweşjeň nusga bolup hyzmat eder.