Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Pudagara iş toparynyň maslahaty boldy. Bu topar Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda kesgitlenen wezipeleri 2014-2020-nji ýyllarda amala aşyrmagyň Milli strategiýasyny durmuşa geçirmek maksady bilen döredildi. Duşuşyga şol maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kararyna laýyklykda döredilen Milli utgaşdyryjy geňeşiň düzümine girýän ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.
Ýokanç däl keselleriň öňüni almaga we olaryň garşysyna göreşmäge degişli meseleleriň giň toparyny ara alyp maslahatlaşmak, öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen sazlaşykly hereket etmäge gönükdirilen möhüm ugurlary kesgitlemek iş toparynyň maslahatynyň esasy meselesi boldy. Duşuşygyň çäklerinde Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen bilelikde işlenip taýýarlanylan ýokanç däl keselleriň derejesini peseltmäge gönükdirilen çäreleriň toplumlaýyn meýilnamasy bilen tanyşdyryldy.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän döwlet syýasatynda saglygy goraýşy ösdürmäge möhüm orun berilýär. Şunda ony lukmançylyk kömegini bermekde häzirki zaman ülňülerinden ugur almaga, milli däpleriň we bu babatdaky üstünlikleriň öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen utgaşdyrylmagyna, ilatyň saglygyny goramaga, tutuşlygyna alnanda durmuşyň, hilini gowulandyrmaga ýardam edýän toplumlaýyn çemeleşmäge möhüm ähmiýet berilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrinde Aşgabatda we welaýat merkezlerinde döwrebap lukmançylyk merkezleri guruldy, şonuň netijesinde saglygy goraýşyň täze nusgasynyň ýörelgelerine kybap gelýän lukmançylyk edaralarynyň giň toplumy peýda boldy. Welaýatlarda, saglygy goramak ulgamyny ösdürmäge ägirt uly üns berilýär, obalarda, etraplardaky şäherlerde täze hassahanalar we Saglyk öýleri guruldy, işläp gelýänleriniň durky doly täzelendi.
Innowasion tehnologiýalary peýdalanýan ýöriteleşdirilen hassahanalaryň giň ulgamynyň döredilmegi, döwrebap keselleri anyklaýyş, hünärli işgärleri taýýarlamak, ýokary okuw mekdebinde okatmakdan soňky ulgamlary-- aspiranturany we doktoranturany ösdürmek, lukmançylyk taýdan ätiýaçlandyrmak, oňat hilli derman serişdeleriniň elýeterliligi bolmagy häzirki wagtda onkologiýa, kardiologiýa, endokrinologiýa, pulmanologiýa we beýleki ýokanç däl keselleriň öňüni almakda netijeli işleri amala aşyrmaga ýardam berýär. Ýokanç däl keselleriň öňüni almakda ýurdumyzyň ilatyny we ilkinji nobatda, ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketine çekmek, işjeň durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, zyýanly endikleriň soňuna çykmak ýaly durmuş ugurly çäreler has netijelidir. Şunuň bilen birlikde, sagdyn iýmitlenmegiň, arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmeginiň, şypahana-sagaldyş edaralarynyň ulgamyny giňeltmegiň uly ähmiýeti bardyr.
Bu çäreleriň hemmesi näsaglygyň derejesini peseltmäge, durmuşyň hilini we ynsanyň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönüden-göni täsir edýär.