Ï Halkara hyzmatdaşlygy - saglygyň hatyrasyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara hyzmatdaşlygy - saglygyň hatyrasyna

view-icon 1877
Aşgabatda halkara bilermenleriniň gatnaşmaklarynda iki sany milli maslahat öz işine başlady. Olaryň ilkinjisi infeksion gözegçiligine bagyşlandy, ikinjisi – uny fortifikasiýä etmegiň häzirki zaman nukdaýnazarlaryna bagyşlandy. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty minstrligi, Döwlet sanitariýa-epidemiologiýa gullugy we BMG-niň Çagalar gaznasy bu maslahatlaryň gurnaýjylary bolup çykyş etdiler. Şeýle hem ikinji maslahatyň guralmagyna “Türkmengallaönümleri” Döwlet birleşiginiň hünärmenleri gatnaşdylar.

Birinji maslahatyň gün tertibine içki kesel infeksiýalary, ýagny lukmançylyk kömegini bermek bilen bagly infeksiýalaryň ýaýramagy bilen bagly meseleler girizildi. Bu mynasibetli maslahata gatnaşyjylara dünýä tejribeleri we infeksion gözegçiligine, lukmançylyk edaralarynda infeksiýalaryň geçmek töwekgelçiligini azaltmak boýunça lukmançylyk edaralary üçin modellere we iň gowy tejribelere üns bermek bilen, syrkawyň howpsuzlygyny kämilleşdirmek boýunça başlangyçlar görkezildi. Şeýle hem lukmanlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak meseleleri we Türkmenistanyň geljekki global we sebit taslamalaryna gatnaşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

ÝUNISEF-ň Ýewropa sebitleýin edarasynyň WIÇ/SPID meseleleri boýunça maslahatçysy doktar Ruslan Malýutanyň belleýşi ýaly, bu mesele dünýäniň islendik döwletiniň saglygy goraýyş edaralarynyň ählisi üçin örän möhüm bolyp durýar. Aýratyn hem ISMP täze doglan çagalar we lukmançylyk manipulýasiýaly maýyplyga sezewar bolan syrkawlar üçin baglanyşyklydyr.

Ikinji maslahata gatnaşyjylar uny fortifikasiýa etmegiň häzirki zaman nukdaýnazaryna, uny öndürmegiň tehnologiýasynda täze gazanylanlara we uny fortifikasiýa etmegiň hiline monitoringi amala aşyrmagyň halkara tejribesine garap geçdiler.

Ýurtlarda unyň düzüminiň baýlaşdyrylmagynynň ilatyň saglygyna täsirini ýetirýändigi, uny fortifikasiýa etmek boýunça hökmany maksatnama resmileşdirildi diýip, tehniki taýdan goldamagyň we Iýmitleri fortifikasiýa etmek boýunça başlangyçlary öwretmegiň toparynyň utgaşdyryjysy dr. Kwentin Jonson belledi.

Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda diňe bir uny fortifikasiýa etmek alnyp barylman, eýsem bu işlere berk gözegçilik işleri alnyp barylýar. Muňa maslahata gatnaşyjylar we halkara bilermenler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Sanitariýa-epidemiologiýa gullugynyň barlaghanasyna we Ruhabadyň un önümleri toplumyna baryp görenlerinde hem doly göz ýetirerler.