Mary welaýat häkimliginde uruş weteranlarynyň dabaraly kabul edişligi boldy. Belarus topragynyň faşistik basybalyjylaryndan azat edilmeginiň 70 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň adyndan ýubileý medallarynyň gowşurylmagy mynasybetli guralan bu dabara Uruş weteranlarynyň welaýat geňeşi we jemgyýetçylyk guramalary bilen bilelikde guraldy.
Ýetmiş ýyl mundan ozal faşistik basybalyjylaryna garşy geçirilen “Bagration” operasiýasynyň dowamynda Minsk şäheri azat edildi. Bu bütin Belarusy azat etmekde aýgytly ädim boldy. Belarus topragyny azat etmäge türkmenistanly esgerler hem gatnaşdylar. Belaruslar Beýik Ýeňiş üçin söweşen gahrymanlaryň edermenligini ýatlaýarlar, olara, isle olar belarus topragynda ýaşaýan bolsun, isle-de beýleki ýerlerde ýaşaýan bolsun, Belarusy azat etmäge gatnaşanlaryň ählisini ýatlaýarlar. Bu barada, weteranlary gutlamak we ýubileý medalyny gowşurmak, şeýle hem welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan ýadygärlik gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak bilen, welaýatyň Weteranlar geňeşiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Muhammet Bekişow we jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýanlar aýtdylar. Şol gün ýubileý medallary uruş weteranlary Amandurdy Babaýewe (Mary şäheri), Aýdogdy Amadyýewe (Mary etraby), Sapargeldi Bäşimowa (Tagtabazar etraby) we Kasym Ataýewe (Murgap etraby) gowşuryldy. Olar Mogilýow, Gomel, Minsk we Witebsk şäherlerini azat etmekde öz mynasyp goşantlaryny goşdular.
Ýaşynyň bir çene barandygy, saglyk ýagdaýy sebäpli weteranlaryň ählisi bu dabara gelip bilmediler. Ertesi gün Belarus Respublikasynyň ýubileý medlayny we jemgyýetçilik guramalarynyň ýadygärlik sowgatlaryny gowşurmak dabarasy weteranlaryň gönüden-göni ýaşaýan ýerlerinde geçirildi. Biziň Garaşsyz watanymyzyň asuda asmanynyň astynda rahat ýaşamagmyz üçin ellerinde baryny eden adamlar bilen duşuşyk tolgundyryjy ýagdaýda geçdi. Nurly Çaryýew Sakarçäge etrabynyň Akýap geňeşliginde ýaşaýar. Weteran myhmanlary garşy almaga taýýarlyk görmek bilen, köp sanly sylaglar dakylan ýörüte penjegini geýdi. Weteranyň sylaglarynyň arasynda wzwodlaryň komandirlerinden başlap diwiziýalaryň komandirlerine çenli sylaglanýan, şahsy edermenlik görkezendigi we öz bölümleriniň üstünlikli hereket etmegini üpjün edendigi üçin Aleksandr Newskiý ordeni bar. Uzak harby ýollar, ýaşalan ömri hasaba almak bilen, weterany taplapdyr. Myhmanlaryň gelmegi Nurly aganyň begenjini goşalandyrdy. Ol özi barada gürrüň berdi, pyýada goşunyň geljekki komandiri hökmünde Bresti halas etmäge gatnaşdy. Soňra bolsa parahatçylykly durmuş başlandy. Zähmet çekdi, çagalaryny we agtyklaryny ösdürip ýetişdirdi. Bu dabara mynasibetli wteranyň uly maşgalasynyň ähli agzalary diýen ýaly ýygnandy.
Bu etrabyň Garaýap geňeşliginde ýaşaýan Aýdogdy Gülkiýew urşuň gomel ugrunda söweşdi. Urşuň gutarmagyna bir ýyl galanda ýaralandy hem-de maýyplygy zerarly gulluga ýarawsyz edildi. Ýöne ol munuň üçin öýde oturmady, kolhozda brigadir bolup işledi, gowaça ösdürip ýetişdirdi. Ol öz ýanýoldaşy bilen sekiz çagany ösdürip ýetişdirdi, agtyklaryny terbiýeleýär. Olaryň ählisi hem zähmetsöýer, işi söýýän adamlar bolup ýetişdiler.
Sakarçäge etrabyndan weteran Durdy Babaýew Bresti halas etmek ugrunda söweşdi. Gynansakda ol bu mynasyp sylagyny almaga ýetişmedi, sylagy onuň agtygy Ýalkaba gowşurdylar. Şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri belarus dostlarynyň sylaglaryny Welikiýe Luki, Minsk, Polosk şäherlerini azat etmäge gatnaşanlar Baýramaly etrabynyň ýaşaýjylary Juma Kösäýewe, Şamyrat Nurmyradowa, Hommatdurdy Amandurdyýewe, Mogilýow şäherini azat etmakde tapawutlanandyklary üçin Wekilbazar etrabynyň ýaşaýjylary Bäşim Mergenowa we Akmyrat Şammyýewe, Belarusyň paýatagty Minsk şäherini azat etmage gatnaşan Ýolöten etrabynda ýaşaýan Gylyç Buzlyýewe gowşurdylar.
Weteranlar sylag gowşurmak dabarasynda belarus dostlaryna çuňňur minnetdarlyklaryny bildirdiler. Şunlukda olar Türkmenistany we Belarusy öňki dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň birleşdirýändigini nygtadylar. Muňa biziň günlerimizde iki ýurduň ýolbaşçylary – Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň biri-birine ynamly we açyk ýagdaýda geçirýän gepleşikleri doly şaýatlyk edýär.