Ï Oraza baýramy – jemgyýetiň ruhy kämillik ugrundaky maksadynyň ajaýyp nyşany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Oraza baýramy – jemgyýetiň ruhy kämillik ugrundaky maksadynyň ajaýyp nyşany

view-icon 1100
Şu gün Türkmenistanyň halky asyrlarboýy rehimdarlygyň, ýagşylygyň we jemgyýetiň ruhy kämilliginiň dabaralanmagyny alamatlandyrýan Oraza baýramyny belledi. Irden ýurdumyzyň hemme metjitlerinde dünýäniň ähli musulmanlary tarapyndan mukaddes Oraza aýynyň 30 günläp agyz beklenmeginiň tamamlanmagy mynasybetli baýram namazy okaldy.

Milletimiziň ruhy gymmatlyklaryny täzeden dikeltmek, müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan, baý we özboluşly medeniýetini has-da kämilleşdirmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Şol syýasatyň özeni ata-babalarymyzyň belent pelsepewi we ynsanperwerlik, ýörelgelerine esaslanýar. Gadymy döwürlerden bäri türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerlik, adalatlylyk täze taryhy eýýamda-da mynasyp derejede dowam etdirilýär. Häzirki wagtda bu nurana baýramçylyk türkmen topragynda şatlykly we açyk, iň oňat duýgulara, ýagşy arzuwlara we päk niýetlere beslenýär.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna Gutlagynda şeýle belleýär: “Mukaddes Oraza baýramy döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy üpjün edip gelýän dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biridir. Adamzadyň beýik ruhy gymmatlyklary bolan ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, parahatçylyk ýörelgeleriniň dabaralanmagynda hem-de rowaçlanmagynda Oraza baýramynyň bahasyna ýetip bolmajak ähmiýeti bardyr. Halklary birek-birek bilen baglanyşdyrýan we ýakynlaşdyrýan bu gadymy baýramçylygyň ajaýyp ýörelgelerinde we many-mazmunynda beýik medeniýetimiz, däp-dessurlarymyz hem-de ynanç- adatlarymyz jemlenýär”.

Ýagşylyk, rehimdarlyk, milletiň jebisligi – bu ýörelgeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmenistanlylaryň millionlarçasynyň durmuşynda aýratyn belent many-mazmuna eýe boldy. Bu gün Oraza baýramynda ähli metjitlerde ata Watanymyzyň parahatçylygynyň we rowaçlygynyň hatyrasyna doga-dilegler edildi. Bu gün agzybir türkmen halky milletimiziň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine, türkmen döwletiniň döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen üstünlikli gadam urmagyna gönükdirilen ähli uly möçberli özgertmeleriň amala aşyrylmagyny öňe süren hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn hoşallyk sözlerini aýtdy.

Şu günki baýramçylyk dabaralaryna gatnaşan köpsanly adamlar ynsanrerwerligiň, geçirimliligiň, adamkärçiligiň elmydama türkmenleriň milli häsiýetine mahsus bolandygyny bellediler. Bu belent häsiýetler türkmenleriň ajaýyp ata-babalaryna – şahyrlara, serkerdelere, serdarlara mahsus bolupdyr. Mukaddes Oraza baýramynda agyz beklemegiň tamamlanmagynyň öňüsyrasynda Türkmenistanda däp boýunça günä geçmek babatda uly möçberldi ynsanperwerlikli çäräniň amala aşyrylmagy gadymy taryhymyzy häzirki gün bilen baglanyşdyrýan bu ajaýyp ýörelgäniň nesilden-nesle geçýändigini görkezýän özboluşly ýörelgä öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, günäsi geçilen raýatlaryň uly toparyna azatlykdan mahrum edilen ýerlerinden öz mähriban ojaklaryna dolanyp, jemgyýetiň we maşgalasynyň öňünde halal zähmet çekmek arkaly günäsini ýuwup, ykbalyny dolulygyna üýtgetmäge mümkinçilik döredildi. Milli Liderimiz tarapyndan amala aşyrylýan bu ynsanperwer çäre Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda adamyň döwletiň baş baýlygy bolup durýandygyny aýdyň görkezýän ýene-de bir subutnamadyr, esasy wezipe bolsa jemgyýetde asylly başlangyçlary, ruhubelentlige, adalatlylyga we kanunylyga mahsus ýörelgeleri berkitmekden ybaratdyr.

Musulmanlaryň ýyl hasaby boýunça mukaddes Oraza baýramynyň bellenilýän gününde Baýram aýy başlanýar. Türkmen halky bu aýy iň oňat arzuwlar hem-de geljege, dogduk topragymyzda döredijilikli durmuşda ýaşap, çagalarymyzyň bagtyýar geljegine ynamly garamak bilen garşylaýar. Oraza baýramy durmuşyň oňat başlangyçlaryna ynamymyzy has-da pugtalandyryp, halkymyzyň saýlanyp alnan ýolda täze üstünlikleri gazanmak ugrundaky ruhubelentligini we işjeňligini artdyrýar. Däp boýunça bu gün baýramçylyk namazyndan soňra, dogan-garyndaşlaryňka baryp, hemmelere parahatçylygy we abadançylygy arzuw etmek bilen, birek-birege: “Namaz-orazaňyz kabul bolsun!”, “Baýramyňyz gutly bolsun!” diýilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň düýpli özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýan mahalynda, öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde her bir türkmenistanlynyň paýyna uly jogapkärçilik düşýär. Her bir adam jemgyýetiň öňündäki ruhy we ahlak borçlaryny duýup, umumy işe dahyllydygyna aýdyň göz ýetirmelidir. Päk wyždanlylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, adalatlylyk we mertebäňi saklamak – her bir adamyň ruhy sagdynlygyna mahsus alamatlardyr. Maksadaokgunly, işjeň, päk ýürekli adamlar halkymyza, ata Watanymyza halal hyzmat etmek ugrunda güýç-kuwwatyny aýaman, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belent şahsy göreldesine eýermek arkaly ruhy-ahlak taýdan kämillige mahsus ýagdaýy döredýärler, häzirki wagtda däp-dessurlaryna, taryhyna, mirasyna uly sarpa goýýan, ruhy taýdan sagdyn türkmen jemgyýeti hut şeýle ýagdaýda ýaşaýar we rowaçlanýar hem-de geljege ynamly garaýar.

Bu gün tutuş ýurdumyz boýunça agyz beklenmeginiň jemlenmesi hökmünde sadakalar berildi we haýyr-sahawat çäreleri geçirildi. Goý, sadakaňyz kabul bolsun!