Paýtagtymyzda iki hepde mundan öň açylan Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanada ýürege çylşyrymly operasiýalar edilip başlanyldy. Eýýäm şeýle operasiýalaryň birnäçesi üstünlikli geçirildi we onuň netijesinde näsaglaryň saglygy berkidildi, biraz wagt geçenden soň bolsa olaryň işe ukylylygy dikeldiler. Häzirki wagtda näsaglar üns-alada bilen gurşalandyr, bu bolsa olaryň aýaga galmagynyň möhüm şertidir.
Operasiýalary täze hassahanada uzak möhletleýin işlemäge çagyrylan nemes professory Kalin Wikoluň ýolbaşçylygyndaky kardiohirurlar topary geçirýär. Jenap Wikol dünýäde belli abraýly lukmançylyk merkezleriniň biri bolan Mýunhen uniwersitetiniň klinikasynda işleýär.
Onuň bilen bilelikde operasiýa geçirilýän bölümde türkmen we nemes lukmanlarynyň topary işleýär. Olaryň ýanyndaky ýaş hirurglar ussatlyk tejribesini toplaýarlar we öňdebaryjy usullary özleşdirýärler. Ýürege geçirilýän operasiýalar orän inçe we tutanýerli zähmeti talap edip, köpsanly töwekgelçilikler bilen baglydyr. Şunda nemes kardiohirurgy operasiýa geçirilmeginiň barşynda türkmen kärdeşlerine onuň aýratynlyklaryny jikme-jik düşündirýär.
Professor biziň ýurdumyzda bir ýyllap işlär, şu döwrüň dowamynda ol diňe bir çylşyrymly operasiýalary geçirmek bilen çäklenmän, eýsem, geljekki hirurglaryň we ýaş hünärmenleriň öňünde çykyş edip, ussatlyk sapaklaryny geçer hem-de näsaglary kabul edip maslahatlar berer, türkmen lukmanlary bilen lukmançylykda seýrek gabat gelýän aýratyn çylşyrymly ýagdaýlara seljerme berer. Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplaryna ýörite tele ulgam arkaly operasiýalaryň geçirilişine göniden-göni synlamaga mümkinçilik döretmek göz öňünde tutulypdyr.
Şeýlelikde, ýakyn wagtlarda türkmen lukmanlary hem ýokary tehnologiýalary talap edýän operasiýalary özbaşdak geçirmek ukybyny ele alarlar. Bu ýerde operasiýa edilen ilkinji näsaglar türkmen lukmanlaryna we nemes kardiohirurgyna hoşallyklaryny aýdýarlar.
Ýakyn geljekde Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanada gyssagly ýagdaýda, şeýle hem öňden meýilleşdirilen operasiýalaryň ýylda ýüzlerçesi, şol sanda emeli gan aýlanyşygynyň kömegi arkaly ýürege operasiýalar geçiriler. Olaryň hatarynda aortokoronar şuntirlemek, ýüregiň gulajyklaryny ýasamak, koronar damarlaryny stentirlemek bar. Seýrek bolmadyk ýagdaýda bir näsagyň bedeninde birnäçe kesel ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýda çylşyrymly toplumlaýyn operasiýa geçirilýär. Ýakynda olaryň biri geçirildi. Geljekde bu hassahanada ýokary tehnologiýaly lukmançylyk amallarynyň görnüşi has giňeldiler.
Bu hassahananyň ulanmaga berilmegi bilen çagalar kardiohirurgiýasy boýunça biziň ýurdumyzda ýüregiň dogabitdi zeper ýetmelerini irki çagalyk döwründe bejermäge mümkinçilik berýän operasiýalary geçirmäge şertler dörediler.
Hassahana heniz howsalaly alamatlaryny ýüze çykarmadyk, ýapyk görnüşindäki işemiki ýürek kesellerini anyklamaga mümkinçilik berýän iň häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilendir. Munuň özi ýürek agyrysyny ýaňy ýüze çykyp başlan wagtynda kesgitlemäge we öz wagtynda bejermäge mümkinçilik berýär, bu bolsa miokard infarkty we insult ýaly ýürek-damar keselleriniň çylşyrymlaşmak mümkinçiligini birnäçe esse peseldýär. Iň täze hirurgiýa enjamlary bolsa diňe bir adamlaryň ýaşaýyşynyň hilini ýokarlandyrmaga däl-de, eýsem, ömrüni uzaltmaga hem ýardam berýär.
Kardiologiýa ylmy-kliniki hassahanada bir wagtyň özünde näsaglaryň 350-ne ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli şertler döredilendir. Bu lukmançylyk merkezi häzirki zaman lukmançylyk enjamlarynyň iň täze nusgalary bilen üpjün edilendir, şonuň ýaly enjamlary Ýewropanyň öňdebaryjy klinikalary indi satyn almak isleýärler. Bu ýagdaýyň özi şeýle hassahananyň sebitde ýeketäkdigini aňladýar.
Şunda bu lukmançylyk merkeziniň maddy binýady täze enjamlar toplumlary bilen yzygiderli berkidiler, sebäbi lukmançylyk enjamlary barha kämilleşýär, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana bolsa döwür bilen, dünýä lukmançylyk ylmy we tejribesi bilen aýakdaş gitmegi ugur edinýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu hassahananyň öňünde Türkmenistanda öňdebaryjy dünýä tejribesini, iň täze we netijeli tehnologiýalary öwrenmek we ornaşdyrmak, munuň üçin iň zehinli daşary ýurt lukmanlyryny işe çekmek, soňra bolsa alnan tejribäni ýurdumyzyň beýleki sebitlerine geçirmek bilen milli kardiologiýa we kardiohirurgiýa ulgamyny ösdürmek wezipesi goýuldy.