Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynda täze oba gurulýar. Geljekki iri ilatly ýer üçin welaýat ähmiýetli ulag we demir ýolunyň ýolunyň arasynda Halaç etrabynyň çäklerine ýakyn ýerde giň ýer saýlanyp alyndy. Bu ýerde durmuş-medeni ähmiýetli desgalary “Altyn burkut” hususy kärhanasy gurýar. Olardan dermanhanaly Saglyk öýüni, aragatnaşyk bölümini, Medeniýet öýüni, dükanly we bazarly söwda merkezini, Bagt öýüni, metjidi, ýangyn howsuzlygy bölümini görkezmek bolar. Häzirki wagtda 640 orunlyk häzirki zaman mekdebiň gurluşygyna esasy gýüçler gönükdirildi.
Ýurduň gündogar sebtinde iň iri gurluşyk kärhanalarynyň biri bolan “Lebapgurluşyk” welaýat önümçilik birleşigine ýokary amatlyklary bolan üç-dört-bäş otagly jaýlaryň 600-ni we her biri 180 orunlyk bolan çagalar bagynyň ikisini gurmak tabşyryldy.
... Eýýäm gurulýan jaýlaryň ilkinji onusynyň hatary emele geldi. Olaryň gök reňkli demir örtükleri ulag ýolundan görünýär hem-de çöl aýratynlyklary bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Elbetde, milli aýratynlyklary göz öňünde tutýan jaýlaryň taslamasy geljekki ýaşaýjylaryň göwnünden turar. Jaýlaryň dälizleriniň giňden tutulmagy bu ýerde çagalara erkin oýnamaga şertleri döreder. Ondan ini bir ýarym kerpiçden salynan diwarly aýratyn otaglar başlanýar, olaryň iň ulusynda bolsa, bereketli türkmen desterhanynynyň başyna näçe myhmanyň bolsa ýerleşmäge mümkinçilik bar. Aşahana hem öý hojalykçy zenanlar we olaryň kömekçileri bolan gyzlary üçin daryşganlyk etmez. Hemme ýerde ýyladyş enjamlary tertipli görnüşde goýlupdyr. Olar jaýyň daşynda goýlan gaz bilen işleýän kiçi-bug gazanyň kömegi bilen gyzdyrylar. Beton düşegi lominat bilen örtüler, demir aýna paketden taýýarlanan penjireler eýýäm oturdylandyr. Otaglaryň üçekleri beýik bolup, dört otagly öýleriň tutýan meýdany 130 inedördül metr meýdandyr.
Her bir maşgala üçin mal saklar ýaly, bag we beýleki gök ekinleri eker ýaly 16 ga mellek ýeri bölünip beriler. Şonuň üçin hem bu çägeli ýerler wagtyň geçmegi bilen birnäçe ýyllar mundan ozal meşhurlyga eýe bolan Köseguýy diýen adamyň adyny göterýän guýynyň suwy bilen suwarylan baglaryň saýasynda dynç almaga sowulýan ýolagçylaryň ýerine, öňki keşbine – täze bereketli, hasylly topraga, bagy- bossanlyga öwrüler.
Elbetde, suw bilen üpjünçilik meselesi wagtyň talap etmegine laýyklykda çözülýär. Bu ýerde işgärler eýýäm ilkinji köçäniň ugry bilen aýratyn berk polietilanden ýasalan, uzak wagtlap ulanylaýan turbanyň ilkinji kilometrlerini çekdiler. Bu uzak wagtlap ulanylýan we poslamaýan turbalaryň uzynlygy 18 kilometre barar. Turbanyň bir şahasynda arassa agyz suwy akar, beýlekisinden bolsa – beýleki hajatlar üçin suw akar. Su bu ýerlere çuň gazylan guýylaryň bäşisinden geler (olaryň biri eýýäm burawlandy). Onuň golaýynda sorujy bekedi, arassalaýyş binalary we betonlanan ammarlar bolar. Bu ýerlerde guýydan alynýan bal ýaly agyz suwynyň ulanylýandygyny hem aýdyp geçsek ýerlikli bolar.
Eýýäm ipoteka karzlary esasynda gurluşyk etmäge 100-den gowrak şertnama baglaşyldy. Öýüň bahasynyň ondan bir bölegini öňünden tölemeli, tölemeli puluň galan bölegini bolsa 30 ýylyň dowamynda töleniler. Onuň ilkinji bäş ýyly göterimsiz bolar. Şonuň üçin hem golaý wagtda golaý ýerlerde ýerleşýän daýhan birleşikleriniň ekerançylarynyň ýaş maşgalalary bu ýerlere ýaşamak üçin göçüp gelerler. Giň meýdany tutýan durmuş-medeni gurluşlaryň işe girizilmegi bilen, täze iş orunlary hem dörär. Mundan hem başga bu täze obada ykjam gaýtadan işleýän kärhanalary açmak göz öňünde tutulýar, onuň ýaşaýjylaryny iş bilen üpjün etmek meselelerini çözmek boýunça hem meýilnamalar göz öňünde tutulýar.