Türkmenistanda 2-nji awgustdan başlap nobatdaky aw möwsümi başlanýar. Möwsüm indiki ýylyň 15-nji martyna çenli dowam eder.
Höwesjeň awçylar öz söýýän kärlerini dowam etdirmek üçin tebigatda geçirip bilerler. Bu ýerde aw etmek gazanç etmegiň usuly bolman, has takygy sport häsiýetine eýe bolmak bolup durýar, özüňde sabyrlylygy we batyrlygy tebiýelemek, duýgurlygy we kanagatlylygy terbiýelemek bolup durýar. Şonuň bilen bir hatarda hem tebigatyň örän näzikdigini duýmakdyr. Şonuň üçin hem aw etmegiň berk düzgüni kesgitlenendir. Ol her ýylda ekoulgamyň ýagdaýyna görä Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan kesgitlenýär. Aw etmek we onuň aňrybaş möçberi üçin rugsat berilýän görnüşleriniň sanawy kesgitlenendir. Aw etmegiň kesgitlenen günleri we kesgitlenen ýerleri hem bardyr,
Häzir “Türkmenawbalykjemgyýetinde” 15 müň adam agza bolup durýar. Aw etmeklik biziň ajaýyp tegbigatymyzyň hasabyna eklenç bolman, eýsem ol sportuň we dynç alyşyň gyzykly hem-de täsirli görnüşi bolamlydyr diýip, Türkmen awçylar we balyk tutjylar jemgyýetiniň aw boýunça bölüminiň müdiri Wiktor Božko belleýär. Aw etmäge dogry çemeleşmek biziň nesillerimiz üçin tebigatyň ajaýyp biodürliligini tebigy ýagdaýda bütewi saklanyp galmagyna şertleri döreder.
Ýurduň Tebigaty goramak ministrliginiň her ýylky kabul edýän “Türkmenistanda aw etmegiň möwsümini açylmagy” buýrugynda aw etmegiň wagty, ýurduň aw edilýän ýerleri, aw etmäge rugsat berilýän haýwanlaryň sanawy, olary tutmagyň möçberi we aw edilende ýerine ýetirilmegi zerur bolan beýleki talaplar görkezilendir.
Aw möwsüminiň bütin dowamynda Türkmenistanyň ähli çäklerinde aw etmäge rugsat berilen we umumy peýdalanylýan ýerlerde, aýratyn goralýan çäklerden başga, aw etmegiň düzgünlerine laýyklykda möjegi, şagaly, tilkini, körsajy, çöl we gamyş pişigini, gök kepderini we maýny aw etmäge rugsat berilýär. 2014-nji ýylyň 2-nji awgustyndan 2015-nji ýylyň 22-nji fewraly aralygynda adaty we halka görnüşli gumrylary, degişlilikde 6-njy sentýabrdan 15-nji mart aralygynda bolsa suwda ýüzýän we batga guşlaryny aw etmäge rugsat berilýär. Gazlary aw etmeklik 2014-nji ýylyň 27-nji sentýabryndan 2015-nji ýylyň 22-nji fewral aralygynda, rýabinniklere bolsa 27-nji sentýabrdan 15-nji mart aralygynda rugsat berilendir. Ýekegapanlary aw etmeklik Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan berilýän bir saparlyk tölegli rugsady bolan halatynda, 2014-nji ýylyň 2-nji awgustdan 23-nji noýabry aralygynda rugsat berilýär.
Şeýle hem çöl towşanyny aw etmeklik 2014-nji ýylyň 27-nji sentýabryndan başlap, 2015-nji ýylyň 11-nji ýanwaryna çenli dowam edýär. Milli awçylygy el guşlary bilen etmegi söýýänler üçin towşany aw etmeklik 2015-nji ýylyň 1-nji fewralyna çenli uzaldyldy. El guşlary adamlaryň aw kadasyny nazara almak, olaryň el gşlary üçin aňrybaş şertleri döretmek maksady bilen, şu möwsümde kesgitlenen düynç günlerde (duşenbe, sişenbe) aw etmäge rugsat berilendir, towşanlary tutmagyň normasyna bolsa limit goýlan däldir.
Aw bioserişdelerini saklamak we netijeli peýdalanmak üçin möwsümde bir awça, onuň awda bolan wagtyna garamazdan, aw etmegiň möçberi kesginlenendir: guşlar (suwda ýüzýän we batgadaky, kepderiler, gumrylar, turaçlar we beýlekiler); gazlar 5 sany; käkilikler 4 sany; towşanlar – 4 sany.
Awçylaryň ählisine kesgitlenen talaplary berk berjaý etmekleri, şol sanda aw ýaragynyň saklanamgy we daşalmagy, ýangyn howpsuzlygyna garşy çäreleri berjaý etmekleri maslahat berilýär.