Aşgabatda täze okuw ýylyna sagaldyş merkezli 420 orunlyk mekdep binasynyň toplumyny ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär. Bu täze girluşyk Oguzhan şaýolunyň we Baba Annanow köçesiniň kesişýän ýerinde gurulýar. Onuň buýurjysy bolup Aşgabat şäher häkimliginiň Düýpli gurluşyk müdirligi, potratçysy bolup bolsa “Çeper gurluşyk” hususy kärhanasy çykyş edýär.
Desganyň taslamasyny düzmäge “Çeper gurluşyk” HK hünärmenleri bilen Saglygy oraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, şeýle ýöriteleşdirilen mekdepleriň wekilleri gatnaşdylar. Gurluşyk işlerinde has oňaýly bejermek we okatmak üçin zerur bolan zatlaryň ählisi göz öňünde tutuldy. Meselem, okuw-ýaşaýyş binasynda eşdişi ýaramaz bolan çagalar üçin sesli duýduryş goýulman, eýsem yşykly duýduryş yşygy goýlandyr. Daýanç-hereketlendiriji apparaty näsag bolan çagalar üçin krowatlaryň ýagdaýy düwme arkaly sazlanylýar. Mundan hem başga, çagalaryň bu topary binanyň gatlary boýunça päsgelçiliksiz hereket edip bilerler, şeýle hem iki sany liftden ýa-da giň pandusdan peýdalanyp, howla çykyp bilerler. Intellektual taýdan ösüş meseleli çagalar üçin basgançakdan ýöremek üçin düşekden üçege çenli germew bilen engamlaşdyrylandyr.
Mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin okuw-ýaşaýyş binalarynyň interýeri aýratyn söýgi bilen ýerine ýetirilendir. Bu ýeriniň ähli ýerinde güller gül açýar – olary baglarda, krowatlarda, tutylarda, el ýuwulýan ýerlerde görmek bolýar. Açyk we şadyýan reňkler çagalaryň keýipleriniň çag bolmagyna şert döreder. Çagalaryň beden we aň taýdan ösmekleri üçin zerur şertleriň biri hem olaryň arassa howada bolmaklarydyr. Şonuň üçin hem çagalar üçin her bir binanyň özünde attraksionly çagalar oýyn meýdançasy bardyr. Bu ýerde çagalar özleriniň wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirip bilerler.
Toplumyň merkezinde baş bina ýerleşip, onda bejeriş otaglary ýerleşendir. Olar yşyk bilen bejeriş, elektro-palçyk bilen bejeriş we gyzgyn bilen dolamak otalarydyr, rentgenologyň otagyndan, ozokerit-parafin beşeriş, elektrobejeriş, owkalama arkaly bejeriş otaglaryndan ybaratdyr.
Özleriniň isleg bildirýän ugurlary boýunça uly ýaşly toparlaryň oglanlary haýsy hem bolsa bir hünäri öwrenip bilerler. Okuw-önümçilik ussahanalarynda gyzlar tikin tikmek hünärini ele almaga synanyşyp bilerler, oglanlar bolsa – köwüş bejermek, jiltçiligi, apparaturanyň we durmuş tehnikasynyň ussaçylygyny öwrenip bilerler.
Bu ýerde 215 tomaşaça niýetlenen maslahatlar zaly hem bar, şeýle hem çagalaryň söýýän teatr gurnagynda we grim otagynda hemme şertler döredilendir. Çeper höwesjeň artistleri üçin bolsa dekorasiýa döretmeli bolar, kostýum tikmeli bolar. Şonuň üçin artistleriň yz ýany bilen tikmegi başarýan kostýumçylar dörärler, surat çekmekden baş çykarýan çagalardan bolsa dekoratorlar dörär.
Ýöne, bejeriş-sagaldyş howzy çagalar üçin iň bir söýgüli ýer bolar. Suw bejeriş usullary çagalaryň ählisiniň saglygyny berkidýär. Çagalaryö özlerini oňaýly ýagdaýda duýmaklary üçin mekdep ýaşyna ýetmekdik çagalaryň binalaryndaky ýaly, bu howuzlaryň düşegi ýyladylýandyr.Daýanç-hereket ediji apparatlary ýaramaz bolan çagalar üçin howuza girmekleri we çykmaklary üçin ýörüte oturgyçlar göz öňünde tutulandyr, maýyplygyň beýleki derejelerindäki çagalar bolsa howuza adaty basgançaklar boýunça girip bilerler. Oglanlaryň we gyzlaryň howuzda özlerini oňat duýmaklary we oňat hilli lezzet almaklary üçin howzuň çuňlugy üç derejede – 60, 80 we 110 sm derejede ýerine ýetirilendir.
Bu ýerdäki sport zaly hem uly meşhurlyga eýe bolar. Bu günki gün paralimpiki hereket dünýäde özüniň ösüşiniň çür başynda. Türgenleriň ukyp-başarnyklarynyň çagalykdan ýüze çykýandygy mälimdir. Munuň üçin bolsa bu mekdepde ähli şertler bardyr. Çagalar özleriniň boş wagtlarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmäge mümkinçiligi bolan sport zalyna gatnarlar..Howludaky sport meýdançasynda hem sport bilen meşgullanyp bolar. Geljekde çempion bolmak üçin türgenleşik zallarynda oňat hilli türgenleşip bolar.
Baş binada naharlanmak üçin 200 orunlyk zal göz öňünde tutulandyr, ýöne çagalar isleg bildiren wagtlary ýa-da başga bir zerurlyk ýüze çykan halatynda öz otagyňdan çykman hem naharlanmak bolar. Tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilen aşhana üçin kömekçi jaýlaryň 11-si aşpezleriň ygtyýarynda bolar.