Ï Ellerinden dür dökülýän kardiohirurglar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ellerinden dür dökülýän kardiohirurglar

view-icon 758
Kardiologiýanyň ylmy-kliniki merkezli gospitalynda ilkinji operasiýalar geçirildi. Bu häzirki zaman lukmançylyk edarasynyň üpjünçiligi keselleri anyklamagyň we bejergi geçirmegiň iň öňdeneryjy usullaryny peýdalanmaga, ýürek-damar ulgamynyň dürli kesellerinden horlanýan syrkawlara ýokary derejeli konserwatiw we hirurgiki kömek bermäge şert döredýär. Şonuň üçin hem ilkinji hirurgiki operasiýanyň geçirilmegi onuň taryhynda möhüm waka bolmak bilen, işjeň, asuda ýagdaýda geçdi.

Şeýle operasiýanyň ilkinjisi Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, altmyş üç ýaşly Zeýnep Saparmämmedowada geçirildi. Bu örän çylşyrymly hadysa boldy – şuntlaryň üçüsini oturtmaly boldy we ýürek ýetmezçiliginiň sebäbi bolan infarkdan ýarany hem-de anewrizmden pökgermäni aýyrmaly boldy. Operasiýany türkmen hirurglarynyň assistirowat etmeklerinde biziň ýurdumyzda şertnama boýunça işleýän Mýunheniň Lýudwig Maksimilan adyndaky uniwersitetiniň II klinikasynyň kariohirurgi professor Kalin Wikol amala aşyrdy. Bu günki gün eýýäm opersiýanyň şowly geçendigini, syrkawyň ýagdaýynyň durnuklydygyny ynam bilen aýtsa bolar.

Lukmanlaryň hyzmatdaşlygy, hususanda Türkmenistanyň we Germaniýanyň kardiohirurglarynyň hyzmatdaşlygy eýýäm onlarça ýyla ýetýär. Olar – tejribe alyşmakdan, stažirowka geçmekden, ussatlyk derejesini artdyrmakdan, bilelikdäki ylmy işlerden ybaratdyr. Häzirki wagtda türkmen-german bilelikdäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde professor Kalin Wikol bilelikdäki taslamany amala aşyrmaga gatnaşýar. Bir ýyla niýetlenen taslamanyň çäklerinde türkmen kardiohirurglarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmagy, syrkawlary bejermegi we maslahat bermegi, şeýle hem Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplaryna okuw sapaklarynyň geçirilmegi göz öňpünde tutulýar. Iň häzirki zaman lukmançylyk tehnikasy bilen üpjün edilendigi sebäpli täze gospitalyň mümkinçiligi syrkawy bejermäge, şol sanda hirurgiki usul bilen hem, ýürek-damar keselleriniň ähli görnüşini bejermäge şert döredýär.

Geçen hepdäniň anna güni gospitalda ýüregiň stentirlän aortokoronar damarlary boýunça ilkinji operasiýa geçirildi. Bu operasiýa hirurgiýanyň maloinwaziw usulyna degişlidir we angiografyň kömegi bilen geçirilýär. Bu bolsa damarlary şuntirlemek we protezirlemek boýunça radikal opersion goşulyşmazdan damariçi operasiny geçirmäge şert döredýär. Operasiýany türkmen hünärmenleri geçirdiler.