Ï Bakjanyň bol hasyly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bakjanyň bol hasyly

view-icon 588
Maryda geçirilen bakçaylaryň welaýat bäsleşigine meşhur bakjaçylaryň 35-si gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşanlaryň düzüminden welaýatda bakjaçylygyň Murgap, Oguzhan we Wekilbazar etraplarynda has ýaýrandygyna göz ýetirmek bolýar.

Ýerli häkimiýetiň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýakyndan goldaw bermegi bilen geçirilen bu owadan çäre “Miwe” welaýat agrosenafat birleşigi, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi tarapyndan guralyp, ol Murgabyň gadymy akabasynyň owadan kenarynda ýerleşýän “Kenar” restoranynda geçirildi.


Bäsleşigiň emin agzalary bakja ekinlerine olaryň daşky görnüşi, ölçegi, agramy, tagamy, ysy boýunça baha berdiler. Bäsleşik “Altyn gawun”, “Iň uly garpyz”, “Iň uly kädi”, şeýle hem “Täsin bakja önümleri”, “Amaly seçgi” atlary bilen geçirildi. Bäsleşik welaýatyň medeniýet müdirliginiň döredijilik toparlarynyň ajaýyp çykyşlary bilen sazlaşykly dowam etdi.

Emin agzalary bäsleşigiň jemini jemlemek bilen, “Altyn gawuny” Wekilbazar etrabynyň “Gökje” daýhan birleşiginden Seýitmyrat Annaýewiň ösdürip ýetişdirendigini yglan etdiler. Onuň ösdürip ýetişdiren bakjalaryň “şasy” iň irisi we iň gowusy bolup, agramy 19 kilogram 950 gram boldy.

“Iň uly garpyz“ ady bilen geçirilen bäsleşikde Murgap etrabynyň N. Gurbanmyradow adyndaky daýhan birleşiginden Bazarmyrat Akgaýew ýeňiji boldy Onuň ösdürip ýetişdiren garpyzy Murgap sebtinde iň uly garpyz boldy. Bu behişdi nygmatyň agramy 23 kg 600 gram boldy.

“Iň uly kädi” ady bilen geçirilen bäsleşikde bolsa Oguzhan etrabynyň “Daghan” daýhan birleşiginden bakjaçy Jumadurdy Rahmanberdiýewiň hödürlän kädisiniň agramy 35 kg 400 gr boldy. Bu bolsa ony beýleki bakjaçylardan öňe saýlandyrdy hem-de bäsleşikde birinji orna mynasyp boldy.

Wekilbazar etrabynyň Ak goňur geňeşliginiň ýaşaýjysy Maýa Berdigylyjowa “Täsin bakja önümleri” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Onuň kädilerden we olardan ýasalan saz gurallary, çagalar oýnawaçlary, ertekiniň gahrymanlary we hojalyk ähmiýetli esbaplary (güldanlar, gap-gaçlar, her dürli gaplar), şeýle hem türkmen öýüniň maketinden guran sergisi turuwbaşdan tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Bellemelli zat hem bu sergide tomaşaçylarda dörän pikiriň emin agzalarynyňky bilen deň gelmegidir.

“Amaly seçgi” bäsleşiginiň ýeňijisi bolsa Oguzhan etrabynyň “Daghan” daýhan birleşiginden Röwşen Kadyrow boldy. Bäsleşik ýeňijileri we baýrak alanlary hormatlamak bilen tamamlandy. Bu gyzykly çäräni guraýjylar tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan degişli derejeler we gymmat bahaly ýadigärlik sowgatlary gowşuryldy. Birinji orna mynasyp bolanlar Türkmen gawunynyň gününe bagyşlanyp Aşgabatda geçiriljek umumy döwlet bäsleşigine welaýtyň bakjaçylartynyň adyndan gatnaşmaga hukuk gazandylar.