Şekillendiriş sungaty muzeýinde halk hudožnigi Sin baý Lanyň eserleriniň sergisi açyldy. Bu sergi žiwopisi söýýänleriň köpüsiniň ünsüni özüne çekdi. Sin Baý Lan öz watanynda özüniň tematikasy boýunça – mifiki eserlerden alynan ýa-da owadanlygy, akyl-paýhasy, gadymýetde taryhy hereketleri bilen tapawutlanan kanoniki zenan keşplerini şekillendirmek bilen meşhurdyr. Sin Baý Lan – müňden gowrak polotnoloryň awtorydyr.
Sin Baý Lan özüniň eserleri bilen dünýä ýurtlarynyň 50-nde boldy. Onuň ýerine ýetirişiň romanitiki we adatdan daşary usullary – grafikany we akwarelleri garyşdyrmagyny türkmen tomaşaçylary gowy garşy aldylar. Sin Baý Lanyň eserleriniň hemmesi owadan. Näzik äheňler, owadanlyk we ajaýyplylyk, güller biulen bezemek, çylşyrymly timarlanan saçlar we ajaýyp kostýumlar onuň polotnolarynyň gahrymanlaryny jadylanan ýaly görkezýär.
Şekillendiriş sungaty muzeýinde bu suratkeş zenanyň hytaýyň ýüpek önümlerinden ýasalan işleriniň 52-si görkezildi. Olardan Sao Sýuesiniň “Gyzyl balahanadaky uky” atly bezelen meşhur romanyny(ХVIII asyr), ýa-da enesiniň adaty demirde ýiteldip oturan iňňesine geň galyp seredip duran meşhur şahyr Li Bonyň (VIII asyr) çagalyk döwri şekillendirilen eserlerini görkezmek bolar. Bu eseri “Kanagat we zähmet hemme zady ýeňýär” diýip atlandyrasyň gelýär.
Sin Baý Lanyň işleri bary-ýogy üç gün – 7-nji awgusta çenli görkeziler. Onuň eserleri bu ýere gelen her bir tomaşaçyda näzik dugulary döretse gerek. Şonuň üçin hem Hytaý öz gadymy we baý sungaty bilen has ýakyn we aýdyň bolar.