Ï Güneşli türkmen topragynyň täsinligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Güneşli türkmen topragynyň täsinligi

view-icon 624
Türkmen gawunynyň gününde paýtagtyň Garaşsyzlyk seýilgähinde ýurt üçin möhüm bolan oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde uly üstünlikler gazanan bakjalaryň “şasy” we ussat bakjaçylar hormatlandy. Bu ýere ýurduň ähli welaýatlaryndan ekerançylar ýygnandy. Olar seçgiçilik ulgamynda, bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde toplan tejribelerini paýlaşmak bilen, öz zähmetleriniň netijelerini görkezdiler. Dabara ýygnanlary haýran galdyrmak bilen, sergi arabajyklarynda dürli ölçeglerdäki we görnüşlerdäki gawunlaryň, garpyzlaryň, kädileriň topbaklary ýerleşdirilipdir.


Baýramçylyga bagyşlanyp geçirlen konsertde Türkmenistanyň aýdym we tans toparlary, estrada aýdymçylary çykyş etdiler. Bereketli türkmen topragyny wasp edýän hudožnikleriň guran sergisi uly baýramçylygyň ajaýyp bezegine öwrüldi. Üstünlik gazanan bakjaçylara Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sylaglaryň gowşurylmagy baýramçylygyň esasy wakasy boldy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugynyň habar berşi ýaly, Ýurduň bakjaçylarynyň adyndan çuňňur minnetdarlyk hökümnde Türkmen döwletiniň baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa Melehan atly ahalteke bedewi sowgat berildi. Umumymilli baýramçylyk bolan Türkmen gawunynyň gününde Türkmenistanyň ähli şäherleridir obalarynda maslahatlar, çeper sergiler we owadan ýarmarkalar geçirildi, öz işleriniň ussady bolan bakjaçylary sylaglamak dabaralary, konsertler, teatrlaşdyrylan sahnalar, sport ýaryşlary we bäsleşikler geçirildi.


Baýramçylygyň bütin dowamynda her bir isleg bildiren adam sýüji tagamly gawundyr garpyzlardan, gawundan taýýarlanan mürepbäni dadyp görmäge mümkinçilik aldy. Elbetde, milli dabaralaryň hiç biri hem sport ýaryşsyz geçmeýär: güýçli pälwanlar göreş boýunça özara bäsleşseler, ýeňiljek oglanlar ýaglyga towusmakda özlerini synap gördüler.

Ynha indi biziň halkymyz 20 ýyl bäri awgust aýynyň ikinji ýekşenbesinde Türkmen gawunynyň günini baýram hökmünde giňden belläp gelýar. Awgust aýy miwelere, bakja ekinlerine baý aý bolýar. Ajaýyp öwüşginli ýakymly ysly gawunlardan we owadan zolakly garpyzlardan döredilen piramidalar Türkmenistanyň köp bazarlarynda müşderileri garşy alyp, olary özlerine maýyl edýärler.


Türkmen gawunlary ýer togalagynyň dürli künjeklerinde ösdürilip ýetişdirilýän gawun görnüşleriniň köp sanly maşgalalarynyň arasynda iň gowusy diýlip ekrar edildi. Dogrudan hem, olaryň hiç biri hem öz tagamlary bilen türkmen gawunynyň tagamy bilen deňleşip bilmeýär. Türkmenleriň hormat bilen goýan bakjalaryň “Şasy” diýet bu at dolulygyna laýyk gelýär.