Ï Ähli sylag-hormat – “bakjalaryň şasyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ähli sylag-hormat – “bakjalaryň şasyna

view-icon 1076
Aşgabat şäheriniň Arçabil etrap häkimliginiň Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Gökderede ýerleşýän «Çynar» çagalar sagaldyş merkezinde guran nobatdaky döredijilik çäresi Türkmen gawunynyň gününe bagyşlandy.

Gawun tomusky datly tagam hökmünde bu dabaraly çäräniň esasy leýtmotiwi boldy. Onda aýdymlar, nakyllar we matallar ýaňlandy, aýdym-saz, tans we folklor kompozisiýalary ýerine ýetirildi, şadyýan we tematiki sahnajyklar oýnaldy.

«Çynar» we Gökderedäki beýleki çagalar sagaldyş merkezlerinde dynç alýanlar bu konsertiň esasy çykyş edijileri boldylar. Ýaş artistler diňe bir gawuny wasp etmän, eýsem bu behişdi nygmaty ösdürip ýetişdirýän daýhalara öz minnetdarlyklary, hoşallyklary we hormatlary hökümnde, bereketli türkmen topragynda çekýän zähmetleri üçin daýhanlary hem wasp etdiler.


Şeýle hem çagalar aýdym-saz baýramçylygynyň çäklerinde sergi guraldy. Onuň eksponatlary dürli materiallardan taýýarlanan tematiki el işleri we applikasiýalar bolup durýar. Ýaş ussatlar tarapyndan gawunlardan we garpyzlardan kesilip ýasalan ajaýyp “Sebetler” tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Döredijilik fantaziýasy, sahna ussatlygy we ýokary watan söýjülikleri üçin baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlaryň ählisi şirin-şeker nygmatlar bilen sylaglandy. Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi baýramçylyga gatnaşýanlary - gökderäniň ýaşajyk dynça alýanlary üçin özüniň ýörüte sowgadyny goýdy – bu ýere gawunyň we garpyzyň hersinden bir tonnasy getirildi.

Datly we ýakymly ysly bakja ekinleriniň onlarçasy şu baýramçylyk dabarasynda Gökderäniň ähli çagalar sagaldyş merkezlerinde guralan baýramçylyk desterhanynyň esasy şirin tagamy boldy.