Ï Möhüm meseleleri nazara almak bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Möhüm meseleleri nazara almak bilen

view-icon 784
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Konstitusion toparynyň Esasy Kanuny kämilleşdirmek boýunça geçiren birinji mejlisiniň jemleri boýunça iş maslahaty geçirildi.

Merkeziň uly zalyna Demokratik partiýanyň, kärdeşler arkalaşyklarynyň, zenanlar we ýaşlar guramalarynyň işjeň agzalary, syýasatçylar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. Ýygnanlaryň öňünde jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň wekilleri çykyş etdiler.

Bu ýerde nygtalyp geçilşi ýaly, konstitusion özgertmeleri giňden ýaýbaňlandyrmaklyga jemgyýetçilik guramalary işjeň gatnaşmalydyrlar. Bu çäreler ýörite maslahatlary, «tegelek stollary» geçirmekden, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlary guramakdan ybaratdyr. Şunlukda, ýygnanlar ýakyn bitewilikde işlemelidiginiň we wagyz-nesihat çäreleriniň ählisi mazmunly häsiýete eýe bolmalydygynyň möhümdigini nygtadylar. Şeýle hem şunuň bilen baglanyşykly her bir işjeň agzanyň jogapkärdigi barada tema ýaňlandy..