Şu gün Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň paýtagtymyzdaky Mälikguly Berdimuhammedow adyndaky 1001-nji harby bölüminde şanly sene bellenilip geçildi. Bir ýyl mundan ozal Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bu ýerde harby bölümiň binalarynyň täze toplumy hem-de Içeri işler ministrliginiň ýörite toparlary taýýarlaýan okuw merkezi açyldy.
Bu waka bagyşlanan dabaralara harby gullukçylar bilen birlikde, köpsanly myhmanlar – Içeri işler ministrliginiň weteranlary, medeniýet we sungat işgärleri, ýaşlar hem gatnaşdylar. Ýygnananlaryň belleýşi ýaly, häzirki wagtda hem uly abraýdan peýdalanýan Mälikguly Berdimuhammedowyň durmuş ýoly we köpýyllyk zähmeti, belent adamkärçilik häsiýetleri hem-de ýokary hünär ussatlygy ýaş nesli terbiýelemek işinde mähriban halkymyza hem-de ata Watanymyza halal we ak ýürekden hyzmat etmegiň aýdyň nusgasy bolup durýar.
Soňra myhmanlar üçin 1001-nji harby bölümiň taryh muzeýine gezelenç guraldy. Bu ýerde toplanan gymmatlyklaryň arasynda resminamalar, diplomlar, golýazmalar, dürli ýyllarda harby bölümde ulanylan tehnikalaryň suratlary, Mälikguly Berdimuhammedowyň harby bölümlerde we içeri işler edaralarynda köp ýyllaryň dowamynda gulluk etmegi bilen baglanyşykly beýleki materiallar bar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň kakasy gulluk eden ýyllarynda ýedi gezek ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp boldy, “Içerki goşunlarda gulluk etmekde tapawutlanandygy üçin” diýen döşe dakylýan nyşan bilen sylaglanyldy. Ol içeri işler edaralarynda gullugyny 1982-nji ýylda podpolkownik harby adynda tamamlap, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň düzümleýin edaralarynda dürli wezipelerde öz zähmet ýoluny dowam etdi. Muzeýde içeri işler edaralarynyň işgärleriniň dürli ýyllardaky lybaslary, olaryň ýaraglary bilen hem tanyşmak bolýar. Sergide döwlet Baştutanymyzyň atasy – mugallym, esger, belent sarpaly ynsan B.Annaýewiň gahrymançylykly durmuş ýoly barada gürrüň berýän fotosuratlar hem görkzilýär.
Gezelenjiň çäklerinde myhmanlar şeýle hem harby bölümde esgerleriň gullugy we durmuşy üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar, kitaphana, sport meýdançasyna, okuw binalaryna, ýaşaýyş jaýlaryna baryp gördüler. Kitaphananyň kompýuter binýadyna elektron görnüşinde dürli kitaplaryň ýüzden gowragy girizildi.
Şanly sene mynasybetli dabaralar harby bölümiň Medeniýet öýünde geçirilen baýramçylyk konserti bilen tamamlandy. Içeri işler ministrliginiň aýdym-saz toparynyň agzalary we Türkmenistanyň sungat ussatlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijesinde gazanylan üstünlikleri ruhubelentlik bilen wasp etdiler.