Ï Sungat arkaly parahatçylyk we dostluk hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sungat arkaly parahatçylyk we dostluk hakynda

view-icon 798
“Awaza-2014” atly halkara aýdym-saz we folklor festiwalynyň ikinji gününiň wakalary düýn badalga alan halkara derejesindäki iri medeni çäräniň sazlaşykly dowamy bolmak bilen, medeniýet ulgamynda milli Liderimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň türkmen jemgyýetiniň ruhubelentligini ýokarlandyrmaga, dünýäniň döwletleri bilen dostluk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda bu ýerde, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dürli ýurtlaryň medeniýet we sungat wekilleriniň ýakynlaşmagyna, türkmen halkynyň medeni mirasyny wagyz etmäge, tejribe alyşmaga hem-de döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär birnäçe çäreler boldy.

Irden festiwala gatnaşyjylar we Awazanyň myhmanlary “Nebitçi” myhmanhanasynyň eýwanynda ýaýbaňlanan türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisi we muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Balkanabatdaky şahamçasy, Balkanabadyň çagalar çeperçilik mekdebi, welaýat Taryhy – ülkäni öwreniş müzeýi we Balkanabadyň haly fabrigi tarapyndan hödürlenen eserler Türkmenistanyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatyny ösdürmegiň taryhy hem-de häzirki zaman ugurlary bilen tanyşdyrýar. Serginiň esasy bölegini mähriban topragyň taryhyna we tebigatyna, sungat we medeniýet meselesine we elbetde, Awaza bagyşlanan işler düzdi.


Bu ýerde özboluşly gobelen we keramika ýordumlaýyn eserler, grafiki işler, dürli usulda çekilen çeper suratlar, şeýle hem türkmen halyçylarynyň bütin dünýäde meşhurlyga eýe bolan elde dokalan önümleri, milli egin-eşikleriň hem-de sowgatlyk önümleriň nusgalary görkezilýär. Grafikada ýerine ýetirilen birnäçe suratlar beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanandyr.

Ýaş suratkeşleriň baý döredijilik garaýyşlaryny açyp görkezýän ajaýyp, özboluşly işleri köpdürlüligi bilen özüne çekýär.

Sergi aýdyň günleri we ajaýyp baýramçylyklary, türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny we urp-adatlaryny, türkmen topragynyň gözelligini beýan etmek bilen, folklor baýramçylygyna özboluşly giriş boldy, şol baýramçylyk günüň ikinji ýarymynda deňiz kenarynda, täzeden dikeldilen gadymy türkmen obasynda bolup geçdi. Bu ýerde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň folklor toparlarynyň döredijilik duşuşygy boldy.

Häzirki döwrüň şertlerinde özboluşly halk medeniýetini gorap saklamagyň we dikeltmegiň möhümdigi äşgärdir. Folklor toparlary hem bu wezipäni ýerine ýetirýärler. Halk däpleri özbaşdak medeniýet ugry bolmak bilen, şol bir wagtyň özünde özbaşdak ugur hökmünde hem, hünärli ugur hökmünde hem milli çeperçilik döredijiliginiň ugurlarynyň ählisini ösdürmek üçin esas bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň ähli döwletleri bilen ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýmak meseleleri aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Häzirki festiwala daşary ýurtly gatnaşyjylar ägirt uly hoşallyk hökmünde Türkmenistana bu babatda aýratyn ornuň degişlidigini nygtap geçdiler. Ýurdumyz gadymy milli medeniýetini aýawly saklap we öwrenip, ony giňden wagyz edip, ruhy gymmatlyklaryň esasynda halklary jebisleşdirmegi maksat edinýän halkara möçberindäki dürli çäreleri geçirmegiň başyny başlaýjy bolup çykyş edýär.

Şu günki baýramçylykda sungatyň, üsti bilen parahatçylygy, dostlugy, doganlyk gatnaşyklaryny we dünýäniň halklarynyň raýdaşlygyny wagyz etmäge gönükdirilen medeni hadysa hökmünde festiwalyň täsiri aýratyn duýulýar.

Köpsanly tomaşaçylar ajaýyp sahna oýnuna tomaşa etmäge mümkinçilik aldylar, onda dünýäniň dürli halklarynyň we Türkmenistanyň ähli bäş welaýatynyň wekilleriniň däp-dessur aýdym-sazlary we tanslary utgaşykly ýaňlandy, milli egin-eşikleriň gözelligi görkezildi. Bu ýerde iň bir özüne çekiji tanslary ýerine ýetirmegi, hiňlenmegi hem-de halk sazynyň owazy astynda tans etmegi öwrenmek mümkin boldy. Biziň myhmanlarymyz hakyky türkmen ak öýleri bilen tanyşdylar, olary biziň ata babalarymyz peýdalanypdyr, gadymy türkmen saz gurallarynyň özüne çekiji owazlaryny diňlediler.

Ajaýyp folklor çykyşlarynda türkmen baýramçylyklarynda ulanylýan özboluşly däp-dessurlar gaýtadan dikeldildi. Gadymy Hazaryň kenarynda, döwrüň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň özboluşly nyşany bolan “Küştdepdi” halk tansy aýratyn täsirli boldy.

Festiwalyň ikinji güni aýdyň täsirli çykyşlara we elbetde, täze gyzykly duşuşyklara hem-de açyşlara baý boldy. Medeni foruma gatnaşyjylar halkara dostluk festiwallaryny, bäsleşiklerini we döredijiligiň hem-de ruhubelentligiň hakyky baýramçylygy bolan beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülen türkmen topragynyň ajaýyp künjegi bolan “Awaza” bilen tanyşmagyny dowam etdiler.

Eýýäm emele gelen däbe görä “Awazanyň” sahna meýdançasynda, deňziň we yşyklanýan suw çüwdürimleriniň öňünde bolan uly jemleýji konsert şu günki günüň jemleýji çäresi boldy. Bu ýerde köpsanly tomaşaçylar üçin festiwala gatnaşyjy ähli ýurtlaryň wekilleri öz sungatyny görkezdiler. Halk aýdym-sazlarynyň we tanslarynyň, döredijilik toplumyna, estrada aýdymlaryna hem-de aýdym-saz kompozisiýalaryna artistleriň her bir çykyşyny şowhunly el çarpmak bilen garşylan tomaşaçylar tarapyndan ýokary baha berildi.

Ertir olara döredijilik forumynyň jemleýji konsertiniň maksatnamasynda göwünlerine ýaran toparlar bilen täze duşuşyklar garaşýar.