Ï “Awaza-2014” atly halkara aýdym-saz we folklor festiwaly tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Awaza-2014” atly halkara aýdym-saz we folklor festiwaly tamamlandy

view-icon 1091
Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza-2014” atly halkara aýdym-saz we folklor festiwalynyň ýapylyş dabarasy we oňa gatnaşyjylaryň jemleýji konserti boldy.

Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralan bu iri döredijilik gözden geçirilişi myhmansöýer türkmen topragynda dünýäniň köp döwletlerinden artistleri jemledi. Festiwala Hytaýdan, Ýaponiýadan, Türkiýeden, Eýrandan, Owganystandan, Russiýadan, Belarusdan, Ukrainadan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Özbegistan, Gyrgyzystandan, gelen estrada aýdymçylar, sazandalar, folklor-etnografiki toparlary we beýleki döredijilik toparlary gatnaşdylar. Türkmen sungatyna ýurdumyzyň esasy döredijilik we folklor toparlary, meşhur sazandalar hem-de aýdymçylar wekilçilik etdi.



Halkara aýdym-saz we folklor festiwalynyň esasy maksady türkmen halkynyň baý medeni mirasyny aýawly saklamakdan we ony bütin dünýäde wagyz etmekden, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr. Bu festiwal täze zehinleri ýüze çykarmaga ýardam etdi, sungat arkaly Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň häzirki okgunly ösüşini, onuň özüniň ruhy-ahlak ýörelgelerine hem-de umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlydygyny görkezmäge çalyşýan ýerine ýetirijileriň döredijilik gözleglerini we ussatlygyny höweslendirdi. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli işler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biridir. Hut şoňa görä-de, bu halkara festiwalyň Hazar deňziniň güneşli türkmen kenarynda geçirilmeginiň çuňňur manysy bardyr.

Döredijilik forumynyň üçünji gününiň maksatnamasyna häzirki zaman estradasyna wekilçilik edýän aýdymçylaryň we sazandalaryň duşuşygy girizildi. Bu duşuşyk şu gün Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Şowhun” kottejler toplumynda – deňiz şypahanasynyň desgalarynyň birinde geçirildi. Döredijilik forumynyň geçirilýän günlerinde oňa gatnaşyjylaryň aglabasy şol ýerde boldy. Şeýlelikde, daşary ýurtly myhmanlarymyz Awazanyň ajaýyp ýerleri hem-de onuň şypahana mümkinçilikleri bilen tanyşlygy dowam etdiler. Duşuşygyň barşynda hem olar özlerinde galan täsirler we döredijilik meýilnamalary barada pikir alyşdylar. Duşuşygyň barşynda bu ulgamda gazanylan üstünlikleri we halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi barada gürrüň etdiler. Resmi däl ýagdaýda geçirilen söhbetdeşlik dostlukly döredijilik gatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam etdi we diňe bir duşuşyga gatnaşyjylarda däl, eýsem kottejler toplumynda dynç alýanlarda hem uly kanagatlanmak duýgusyny döretdi. Olar meşhur artistleriň konsertde eden çykyşlaryndan lezzet aldylar.

Halkara festiwalynyň jemini jemläp, onuň ähli günleriniň dünýäniň halklarynyň köp milletli medeniýetiniň özboluşly öwüşginlerine baý bolandygyny bellemelidiris. Bu medeniýet bolsa parahatçylygyň berkarar bolmagyna, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etmelidir. Festiwal folklor däpleriniň we aýdym-saz sungatynyň ösüşiniň häzirki zaman ugurlaryny açyp görkezdi, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam etdi.



Döredijilik forumynyň çäklerinde Awazanyň baş sahnasynda konsertler geçirildi. Agşamlaryna bu sahnanyň öňündäki meýdança köpsanly tomaşaçylar – Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary we şu günler deňiz şypahanasynyň kaşaň myhmanhanalarynda dynç alýan Türkmenistanyň beýleki sebitleriniň ýaşaýjylary geldiler. Şeýlelikde, deňiz kenarynda dynç alyş möwsüminiň gyzgalaňly günlerinde geçirilen festiwal türkmenistanlylaryň we ýurdumyzyň myhmanlarynyň dynç alşyna özboluşly öwüşgin çaýdy. Soňky ýyllarda Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenaryna dynç almaga gelýän adamlaryň sany barha artýar.

Festiwalyň maksatnamasynyň çäklerinde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisi guraldy. Onda Balkan welaýatynyň tejribeli we ýaş suratkeşleriniň işleri, şeýle hem muzeý gymmatlyklary -- köne halylar we ussat zergärleriň önümleri, milli lybaslar, saz gurallary görkezildi. Balkanabadyň haly fabrigi türkmen halyçylygynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ajaýyp däplerini görkezdi. Sergide şeýle hem ýurdumyzyň edebiýatynyň we sungatynyň ajaýyp wekillerine, şol sanda beýik şahyr hem akyldar Magtymguly Pyraga bagyşlanan çeper çykyşlar guraldy. Şu ýyl Türkmenistanda hem-de dünýäniň beýleki ýurtlarynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy giňden bellenilýär. Agaçdan ýasalan önümler, milli sowgatlyk önümleri hem sergä gelenlerde uly täsir galdyrdy. Bu ýerde görkezilen gadymy türkmen saz gurallary we olary çalyp görmek üçin mümkinçiligiň döredilmegi sazandalarda uly gyzyklanma döretdi. Dürli ýurtlardan gelen sazandalar sergi meýdançasynda bilelikde çykyş edip, sungatyň köpöwüşginliligini tomaşaçylara görkezdiler. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek nukdaýnazaryndan milli sungatyň taryhyna hem-de häzirki zaman durmuşyna özboluşly gezelenç aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Gojaman Hazaryň kenarynda geçirilen folklor baýramçylygy halkara festiwala gatnaşyjylary hem-de myhmanlary türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary bilen tanyşdyrdy. Bu ýerde gadymy türkmen obasynyň durmuşynyň täsin keşbi döredildi. Baýramçylyk lybasyna beslenen ak öýleriň öňünde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň hem-de festiwala gatnaşmak üçin daşary ýurtlardan gelen folklor –etnografiki toparlary duşuşdylar. Olar öz köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baýramçylyk dessurlaryny, dünýäniň halklarynyň täsin etnografiýa medeniýetini görkezdiler. Çykyşlaryň ählisi ýerine ýetirijilik medeniýetiniň ýokary derejesi bilen tapawutlandy.

Däp-dessurlaryň, saz ugurlarynyň, milli dilleriň, lybaslaryň we saz gurallarynyň sazlaşygy uly we köpöwüşginli baýramçylyk ýagdaýyny döretdi. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de daşary ýurtly myhmanlarymyz bu täsin we ýatdan çykmajak pursatlary surata düşürdiler.

Halk sungaty festiwalyň konsert maksatnamalarynda hem giňden görkezildi. Festiwalyň dürli çärelere baý bolandygyny bellemelidiris. Bu sungat baýramçylygy döredijilik açyşlaryna we ýatdan çykmajak duşuşyklara hem baý boldy. Sazyň dili söhbetdeşligiň özboluşly we köpugurly serişdesine öwrüldi. Artistler şol serişdäniň kömegi arkaly birek-birek bilen söhbetdeş boldular, tomaşaçylara özleriniň ýurtlary we halklary, däp-dessurlary hem-de medeni däpleri barada gürrüň berdiler.



Halkara festiwalynyň köpöwüşginli medeni maksatnamasy daşary ýurtly myhmanlara türkmen halkynyň taryhy we däp-dessurlary, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan üstünlikleri, şeýle hem Hazaryň türkmen kenarynyň şypahana mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam etdi.

Myhmanlaryň köpüsi özleriniň bu ýere ýene-de gelmäge höwesiniň bardygyny aýdyp, guralýan döredijilik forumlaryna, bina edilen sagaldyş-şypahana maksatly ajaýyp desgalara haýran galýandyklaryny, dostluk we doganlyk mekany, şypahana merkezi hökmünde Awazanyň özlerinde uly gyzyklanma döredýändigini bellediler. Awaza täze sungat eserlerini döretmäge ruhlandyrýar.

Şu gün Awaza festiwaly döredijilik forumyna gatnaşyjylary ýene-de dostluk we sungat gämisiniň sahnasyna jemledi. Olar ýatdan çykmajak baýramçylygy peşgeş beren festiwal bilen hoşlaşmak üçin bu ýere ýygnandylar.

“Awaza-2014” atly halkara aýdym-saz we folklor festiwalynyň ýapylyş dabarasyna ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Festiwala gatnaşyjylara dabaraly ýagdaýda diplomlar we gül desseleri gowşuryldy.

Döredijilik gözden geçirilişine gatnaşan daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary milli medeniýeti ösdürmek, halkara döredijilik alyşmalyryny giňeltmek barada ýadawsyz alada edýändigi, şeýle-de Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistana gelmäge, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda bolup görmäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Myhmanlar şeýle ysnyşykly hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmeginiň wajypdygyny bellediler.

Sylaglamak dabarasy tamamlanandan soň, “Awaza-2014” atly halkara aýdym-saz we folklor festiwalyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Bu ýere ýygnananlar milli Liderimizi bütin dünýäde belent ruhy-ahlak ýörelgeleri saklap galmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine hem-de döredijilik güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra sahnada we oňa ýanaşyk meýdançada ägirt uly baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Bu dabara çuňňur duýga ýugrulan aýdym-saz kompozisiýasy bilen açyldy. Onda dünýäniň dürli halklarynyň hüwdüleri ýaňlandy. Dürli dillerde ýaňlanan bu hüwdüler hemmelere düşnükli we tolgundyryjy bolup, biri-biriniň üstüni ýetirdi. Çünki enäniň hüwdüsinde beýan edilýän pikirler we duýgular diňe parahatçylyk, hoşniýetlilik hem-de mähriban balasynyň bagtyýarlygy bilen baglanyşyklydyr. Bu kompozisiýada biziň öýümiziň – Ýer togalagynyň umumydygy baradaky pikir aýratyn nygtaldy. Parahatçylygyň we rowaçlygyň bähbidine bu öýi goramak üçin tagallalary birleşdirmek möhümdir.



Soňra bu ýerde häzirki zaman we halk aýdymlary, joşgunly tanslar, folklor kompozisiýalary ruhubelentlik bilen ýerine ýetirildi. Sazandalar we aýdymçylar öz ussatlyklaryny görkezdiler. Artistleriň her biriniň çykyşy ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Gojaman Hazaryň kenarynda ýene-de gadymy we özüne çekiji “Küştdepdi” türkmen halk tansy ýerine ýetirildi.

Dostluk konsertiniň ahyrynda türkmen aýdymçylary hem-de festiwala gatnaşyjylaryň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen dostluk we doganlyk mekanyna, häzirki zaman şypahana zolagyna öwrülýän Awazany wasp edýän aýdymy ýerine ýetirdiler. Häzirki wagtda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda peýda bolýan täze desgalaryň sany barha artýar. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrülýär.

Gojaman Hazardaky bu hoşlaşyk agşamynda ýene-de bir ýyldan dünýäniň dürli döwletlerinden zehinleri bu ýere ýygnamak, halkara aýdym-saz we folklor festiwalyny geçirmegiň özenini düzýän parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak ýaly ynsanperwerlik ýörelgelerine sarpa goýýanlaryň ählisini birleşdirmek üçin bu aýdym has belentden we joşgunly ýaňlandy.