Ï Sanitar-epidemiologiýa howpsuzlyk üpjün edilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sanitar-epidemiologiýa howpsuzlyk üpjün edilýär

view-icon 1330
Türkmenistanyň ähli çäklerinde epidemiologiýa abadançylygy saklanýar, degişli gulluklar bellenen tertipde işlemegini dowam edýär. Ýakynda döwlet baştutanynyň gatnaşmagynda bolup geçen göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda bellenilşi ýaly,öňüni alyş çärelerine, aýratyn howply keselleriň Türkmenistanyň çäklerine geçmeginiň öňüniň alynmagyna uly üns berilýär, ýurdumyzda sanitar-epidemiologiýa gözegçiligi amala aşyrylýar. Sanitar-epidemiologiýa howpsuzlyk we aýaratyn howply keselleriň Türkmenistanyň çäklerine geçmeginiň öňüni almak meseleleri Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň mejlisinde garalyp geçildi.

Ýurduň ilatynyň sanitar-epidemiologiýa abadançylygy döwletiň we hut Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Bu ulgamda döwlet syýasatyny we milli maksatnamalary amala aşyrmak Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet sanitar-epidemiologiýa gullugunuň üstüne ýüklenendir. Bu gullugyň ygtyýarynda merkezi we ýerlerdäki edaralar ulgamy bardyr.

Gullugyň hünärmenleri döwlet sanitar-epidemiologiýa gözegçiligini amala aşyrýarlar, sanitar kanunçylygynyň kada-hukuk namalaryny, öňüni alyş we ýokanç kesellere garşy göreşmek boýunça döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýarlar, giň göwrümli sagaldyş çäreleriniň amala aşyrylmägynda degişli gulluklaryň işini utgaşdyrýarlar, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýärler hem-de ilatyň arasynda sanitariýa-düşündiriş işleriniň geçirilmegini guraýarlar.

Şeýlelikde soňky ýyllaryň dowamynda kanunçylyk binýady berkidildi we kanunlaryň we kada-hukuk namalarynyň, şeýle hem milli maksatnamalaryň birnäçesi kabul edildi. Azyklyk çig malynyň we azyk önümleriniň hem-de olara barlagana gözegçiligini etmekde hili we howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça azyk önümlerini öndürýän desgalara, azyk söwdasyna, jemgyýetçilik iýmitine, mekdebe çenli çagalar edaralaryna we mekdeplere döwlet gözegçiligi boýunça ýokanç keselleriň öňüni alyş we epidemiologiki gözegçilik boýunça kadalaşdyryjy we usulýet resminamalary kämilleşdirilýär. Toksikologiýa ulgamynda radiasiýa howpsuzlygynyň we gigiýena kadalarynyň Düzgüni işlenilip taýýarlandy we tassyklandy.

Infeksiýalar, mahsus bolan öňüni alyş dolandyryş çäreleri boýunça Türkmenistanda epidemiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen hem-de “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, “2003-2020-nji ýyllar döwür üçin Immunoprofilaktika” Milli maksatnamasy tassyklandy. Geçirilýän işleriň netijesinde ýokanç keselleriň epesli azaldylmagy gazanyldy. Şeýleleikde, 2008-nji ýyldan bäri ýurtda gyzylja keseli hasaba alynmady. Ýokanç keselleriň birnäçesi bolsa doly ýok edildi. Muňa Türkmenistanyň drakunkulýoz, poliomelit, gyzzyrma ýaly kesellerden doly azatdygyna şaýatlyk edýän halkara sertifikaty hem güwä geçýär.

Döwlet sanitar-epidemiologiýa gullugynyň hünärmenleri tarapyndan ilatyň arasynda uly sanitar-düşüşndiriş işleri, beýleki ministrlikleriň we gulluklaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda öňüni alyş çäreleri geçirilýär. Biziň döwletimiziň çäklerinde dürli howply keselleriň döremegine we ýaýramagyna ýol berilmezligi boýunça toplumlaýyn meýilnama işläp taýýarlamak işjeň alnyp barylýar, ýanaşyk ýurtlardaky ýagdaýlara yzygiderli gözegçilik amala aşyrylýar. Ýanaşyk ýurtlardan, şeýle hem beýleki ýurtlardan adamyň saglygyna zyýan berip biläýjek satlaryň biziň ýurdumyzyň çäklerine getirilmeginiň öňüni almak maksady bilen, Döwlet sanitar-epidemiologiýa gullugy we beýleki saglygy goraýy gulluklary iň häzirki zaman lukmançylyk we anyklaýyş enjamlar bilen üpjün edilendir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýadawsyz aladalary netijesinde gullygyň maddy-tehniki binýady kämilleşdirilýär. Şeýlelikde, ýakynda Aşgabat şäher sanitar-epidemiologiýa gullugy täze gurulan dolandyryş binasyna göçdi. Bu toplumyň düzümine häzirki zaman barlag enjamlary bilen üpjün edilen, halkara talaplaryna laýyk gelýän barlag bölümleri girýär. Şu ýylyň iýul aýynda bolsa, Döwlet sanitar-epidemiologiýa gullugynyň merkezi edaralarynyň täze binasynyň ikisiniň gurluşygyna badalga berildi. Täze binalaryň ulanylmaga berilmegi ýurduň ilatynyň sanitar-epidemiologiýa abadançylygyny halkara ölçeglerine laýyk gelýän derejelere çykarmaga mümkinçilik berer.