Şu gün Babadaýhan etrabynyň Hasyl obasynda täze saglyk öýüniň açylyş dabarasy boldy, ol Türkmenistanyň ähli künjeklerinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň nyşanyna öwrüldi.
Durmuş maksatly täze döwrebap desga welaýatyň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýrmasy boýunça ýerli hususy kärhananyň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Döwrebap köpugurly saglyk öýi häzirki zaman gurluşyk we timarlaýyş serişdeleri peýdalanylyp, özboluşly binagärlik usulynda guruldy we obanyň bezegine öwrüldi.
Täze saglyk öýüniň ähli otaglary dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilip, oba lukmanlaryna ilata häzirki zaman talaplaryna laýyklykda ýokary derejede hyzmat etmäge mümkinçilik berer. Täze binada oba saglyk öýüniň işgärleri we näsaglar üçin ähli şertler döredilipdir. Bu ýerde ilata maslahat beriş we keseli anyklamak üçin lukmançylygyň ähli ugurlary ýola goýlupdyr. Merkezde terapiýa, fizioterapiýa, hirurgiýa, stomatologiýa, ginekologiýa otaglary bulardan başga-da, EKG, maşgala lukmany, çaga dogrulýan otag we gündizki bölüm üçin otaglar bar.
Binanyň ýanaşyk ýerlerinde oturgyçlar we yşyklandyryjy enjamlar oturdylypdyr.
Täze gurlup ulanmaga berlen - Saglyk öýüniň açylyş dabarasyna oba ilaty bilen bilelikde, welaýat we etrap häkimleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler ilatyň saglygy baradaky yzygiderli aladanyň türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesini üpjün etmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtadylar. Şeýle hem milli Liderimiziň başlangyjy bilen alnyp barylýan giň gerimli maksatnamalaryň türkmen obasynyň ösdürilmegine, onuň düzüminiň kämilleşdirilmegine we täzelenilmegine kuwwatly itergi berýändigi nygtaldy, şunda durmuş ulgamyndaky binalaryň gurulmagyna möhüm orun berilýär.
Açylyş dabarasynda tapawutlanan gurluşykçylara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Saglyk öýüniň açylyş dabarasy mynasybetli bu ýerde etrabyň medeniýet müdirliginiň döredijilik toparlarynyň taýýarlan baýramçylyk çykyşlary, aýdymdyr-sazlary ýaňlandy.
Amyderýa jülgesiniň mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň üsti täze gurlan binalaryň ikisi bilen ýetirildi. Şu gün Farap we Garabekewül etraplarynyň merkezinde gurlan iki gatly döwrebap 180 orunlyk we 75 orunluk çagalar baglary dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň, bilim işgärleriniň gatnaşmagynda baýramçylyk äheňinde bezelen binalaryň açylyşynda mähirli gutlaglar we aýdymdyr sazlar ýaňlandy. Mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin gurlan binalayň gurluşygynda tapawutlananlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Ýygnananlaryň nygtaýşy ýaly, döwrebap mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň ulanmaga berilmegi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanmagy ugrundaky ýadawsyz aladasynyň, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmäge gönükdirilen maksatnamalarynyň ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Diňe ýanwar aýyndan bäri Lebap welaýatynyň şäherlerinde we obalarynda körpeleri terbiýelemek we mekdebe taýýarlamak üçin ähli şertler üpjün edilen 30-a golaý häzirki zaman binalary ulanmaga berildi. Dabara gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynyň ösmegi üçin alyp barýan syýasatynyň uly ösüşe eýe bolýandygyny bellediler.
Täze çagalar şäherçeleri özboluşly milli binagärlik keşbine eýe bolup, etrap merkezleriniň bezegine öwrüldi. Ýerli hususy kärhanalaryň alyp baran gurluşyk işlerinde häzirki zaman gurluşyk we timarlaýyş serişdeleri peýdalanyldy. Mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin gurlan binalarda körpeleriň rahat dynç almagy üçin ýatylýan we oýun oýnalýan, lukmançylyk otaglar we naharhana bar. Çagalaryň okamagy üçin giň we ýagty synp otaglary, daşary ýurt dillerini öwrenmegi we kompýuteri özleşdirmegi üçin interaktiw tagta, döwrebap tehnika bilen üpjün edilen kompýuter we lingafon otaglary bar. Mekdebe çanli ýaşly çagalaryň ýörite meýilnamasynda okuwy oýun görnüşinde alyp barmak ýola goýlýar. Şeýle-de çagalar baglarynda sport hem-de aýdym-saz zallary we suwda ýüzmek üçin howuzlar bar.
Täze binalar inžener-tehniki kommunikasiýalary özünde jemleýär. Çagalar baglarynyň çäkleri abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga bürelipdir. Mekdebe çenli ýaşly çagalar baglarynda terbiýelenýänlerde tomusky telärler, oýun meýdançalary, dagjagazlar, depeden typmak, hiňňildik, çägeli aýmança, ertekileriň gahrymanlarynyň keşpleri şekillendirilen heýkeljikler uly gyzyklanma döretdi.

* * *