Täze “Arçabil” seýilgähi Araçabil şaýolunyň ugrunda “Älem” medeni dynç alyş merkeziniň we Konstitusiýa binasynyň aralygynda ýerleşer. Täze seýilgäh üçin 784 müň inedördül metr ýer bölünip berildi, bu çäkleri dürli beýiklikdäki yşyklandyryjylaryň müňlerçesi ýagtylandyrar. Seýilgäh zolagyny baglyga öwürmek üçin pürli we ýaprakly baglaryň ýüzlerçe görnüşi saýlanyp alyndy, baglaryň bir bölegi bolsa Italiýadan hem-de Türkiýeden getiriler.
“Ussat” kärhanasy bu taslamanyň potratçysy bolup çykyş edýär. Şeýle hem bu kärhana içki we daşky inženerçilik, elektro we suw üpjünçilik, lagym ulgamlarynyň gurluşygyny ýerine ýetirer, olary umumyşaher ulgamyna birikdirer. Şertnama esasynda şu ýylyň awgustynda gurluşyk işlerine başlanan bu desgany 2015-nji ýylyň dekabr aýynda tabşyrmak bellenildi. Şertnamanyň şertlerine laýyklykda, “Ussat” kärhanasy bu desga ulanmaga tabşyrylandan soňra üç ýylyň dowamynda seýilgähe gerek bolan hyzmatlary eder.
“Ussat” kärhanasy gurluşyk işlerini alyp barmak üçin ýeterlik tejribe toplady. Hut bu kärhana şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça “Aşgabat” seýilgähiniň durkuny täzelemek we oňa birikýän köp derejeli ulag duralgasynyň gurluşygyny ýerine ýetirdi.
Şeýle hem “Ussat” kärhanasy Köşide 160 orunlyk çagalar bagynyň gurluşyk işlerini ýerine ýetirdi. Bu kärhananyň işgärleri häzirki wagtda durmuş desgalaryndan başga hem Aşgabat şäheriniň bu ýaşaýyş toplumynda çagalar baglarynyň ikisiniň gurluşygyny ýerine ýetirýär. Bu desgalaryň biri 1-nji sentýabra, ikinjisi bolsa şu ýylyň ahyrynda ulanmaga berler.