Şu gün Mary etrabynyň Mawyteber obasynda "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde bina edilen 160 orunlyk täze çagalar bagy dabaraly ýagdaýdaulanmaga berildi.
Desganyň açylyş dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Täze çagalar şäherçesiniň bagtly eýeleri bolan körpeleriň belent owazda ýerine ýetiren şatlykly goşgulary we aýdymlary döredijilik toparlary tarapyndan taýýarlanan baýramçylyk çykyşyna sazlaşykly utgaşdy. Döredijilik toparlary Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ägirt uly üstünliklerini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp etdiler.
Täze bina milli gurluşyk däpleriniň peýdalanylmagy bilen döwrebap binagärlik usulyna mahsus bolan häsiýetde gurlupdyr. Mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasynyň binasynda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, amatly dynç almagy we ýaş aýratynlyklary boýunça boş wagtlaryny mazmunly geçirmegi üçin ähli şertler döredilipdir. Oýun oýnamak we saz öwrenmek üçin giň we ýagty otaglar, rahat ýatylýan otaglar, başlangyç kompýuter sowatlylygynyň otaglary, sport zaly olaryň ygtyýaryndadyr. Çagalar bagynyň töweregindäki oýun meýdançalary telärler bilen enjamlaşdyrylypdyr. Olara tarap barýan ýodajyklar ertekilerdäki gahrymanlaryň şekiljikleri bilen bezelipdir.
Dabaranyň barşynda has tapawutlanan gurluşykçylara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.