Şu gün Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrabynda 160 orunlyk täze çagalar bagynyň açylmagy mynasybetli guralan dabara çagalaryň şatlyklaryna, olaryň çykyşlaryna, döredijilik toparlarynyň belent ruha beslenen aýdym-sazlaryna utgaşyp gitdi. “Türkmendöwlettaslama” taslama institutynyň hünärmenleriniň işläp taýýarlan taslamasy esasynda gurlan döwrebap mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasyny welaýatyň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy esasynda ýerli hususy kärhananyň gurluşykçylary bina etdiler.
Täze çagalar şäherçesinde körpe nesilleriň sazlaşykly ösüşi we oňaýly dynç alşy üçin ähli şertler döredildi. Desganyň oýun otaglarynda, ýatylýan jaýlarynda, naharhanada döredilen amatlyklar döwrebap mebelleriň, haly düşekçeleriň, halk ertekileriniň esasynda döredilen diwar ýazgylarynyň gözelligi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Bu ýerde häzirki zaman multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen lingafon we kompýuter otaglary bar. Olar çagalaryň ene dilini we daşary ýurt dillerini, informatikany oňat özleşdirmeklerini şertlendirer.
Giň gimnastiki we tans hem-de saz zallary çagalaryň saglygynyň berkidilmegini we olaryň döredijilik mümkinçilikleriniň açylmagyny üpjün eder. Täze mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasynyň çäginde çagalar üçin niýetlenen türgenleşik meýdançasyny, tomusky ýüzüş howzuny we gyşky ýapyk howzy, körpeler üçin ýörite suwa düşülýän otaglary özünde jemleýän sport-oýun toplumy enjamlaşdyryldy. Bu ýerde dürli görnüşdäki ýaşajyk bag nahallary oturdylypdyr, güller eilipdir we gök zolaklar döredilipdir. Şeýle hem çagalar bagynyň çäginde oýun üçin telärler, hiňňildikler, dürli depejikler bar.
Dabara gatnaşan welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular täze mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bina edilýän ugurdaş desgalar ýaly milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän öňdengörüjilikli durmuş syýasatynyň aýdyň netijesidir.
Täze desganyň açylyş dabarasynda has tapawutlanan gurluşykçylara sowgatlar gowşuryldy.