Ï Watanymyzyň welaýatlarynda binagärlik açylyşlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň welaýatlarynda binagärlik açylyşlar

view-icon 911
Şu gün, täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda Tejen etrabynyň “Garryçyrla” geňeşliginiň adybir obasynda mekdebe çenli çagalar edarasyny – 320 orunlyk çagalar bagynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara boldy.

Ir bilen täze binanyň baýdaklar, şarlar we toý baglary bilen bezelen öňünde baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Bu ýere oba ýaşaýjylary, bilim işgärleri, köpsanly myhmanlar ýygnandylar. Welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular, ýaşlar ýaş nesli gutlamak üçin geldiler. Çagalar bagynyň açylyşy uly baýramçylyk bilen utgaşdy, döredijilik toparlarynyň çykyşlary, şeýle hem iň oňat gurluşykçylara ýadygärlik sowgatlary gowşurmak dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Bu ýere ýygnananlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan welaýatlary özgertmek boýunça milli maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň türkmen obasynyň gaýtadan dikelmegine kuwwatly itergi berendigini bellediler, obalarda ýylsaýyn döwrebap binalar, şol sanda bilim ulgamynyň edaralary barha köp gurulýar. Çagalar ýurdumyzyň geljegidir, şonuň üçin hem ösüp gelýän nesliň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösüşine aýratyn üns berilýär.

Döwrebap binagärlik keşbinde gurlan täze desga häzirki wagtda şeýle binalara bildirilýän ähli talaplara laýyk gelýär. Bu ýerde dürli ýaş toparyndaky körpeleriň sazlaşykly ösüşi, dynç almagy we boş wagtlaryny mazmunly geçirmegi üçin göwnejaý şertler döredilipdir. Zerur enjamlar we dürli oýnawaçlar bilen üpjün edilen oýun oýnalýan otaglar, okuw geçmek üçin giň synp otaglary, şol sanda lingafon we kompýuter otaglary olaryň ygtyýarynda. Aýdym-saz we sport zallary, howuzlar göz öňünde tutuldy. Lukmançylyk nokady bar. Otaglarda has oňýaly şertleri ýylyň islendik döwründe durmuş üpjünçiliginiň häzirki zaman ulgamlary üpjün eder.

Täze mekdebe çenli çagalar edarasynyň töweregindäki bagy-bossanlyga öwrülen çäklerde telärler, çäge dökülen ýerler we hiňňillikler bilen oýun oýnalýan meýdançalar gurlupdyr.