Şeýle şygar bilen sentýabr aýynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy badalga alýar. Geçen ýyl Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu iri möçberli çäräni geçirmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi we ol ýurdumyzda ikinji gezek geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, 25-nji awgustda geçirilen göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutanymyz geçen ýyl geçirilen çäräniň netijelerine oňyn baha berip, onuň ýurdumyzda ýol-ulag hadysalarynyň ep-esli peselmegine täsir edendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň sentýabrynda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygyny geçirmegiň, geljekde bolsa bu çäräni her ýyl guramagy göz öňünde tutmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.
Milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekilleri ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we umumybilim berýän orta mekdepleriň müdirleri bilen bilelikde çäreleriň degişli meýilnamasyny taýýarladylar.
Biraýlygyň çäklerinde ähli ýerde dürli çäreler, şol sanda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy –ömrümiziň rahatlygy” ady bilen pudaklaýyn maslahatlar geçiriler. Umumybilim berýän mekdeplerde we mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda “Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri”, “Ýolyşyk – biziň dostumyz!”, “Gök yşyk” atlary bilen bäsleşikler guralyp, ýeňijiler höweslendiriler. Mundan başga-da, ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan mekdep burçlaryny, diwarlyklary we orta mekdeplerde hem-de çagalar baglarynda okuw-türgenleşik meýdançalaryny gurnamak boýunça işler göz öňünde tutuldy. Şeýle hem tutuş ýurdumyz boýunça ýollarda özüňi alyp barmagyň düzgünleri ýol hereketine gatnaşyjylaryň her biriniň howpsuzlyk üçin şahsy jogapkärçiligine düşünmegini wagyz etmäge hem-de jemgyýetimizde ornaşdyrmaga gönükdirilen çäreler giňden ýaýbaňlandyrylar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmenistanlylaryň abadan durmuşy üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilýär. Diýarymyzda ýokary bilim derejeli, giň gözýetime eýe bolan we ata Watanyny çäksiz söýýän maksadaokgunly ýaşlaryň kemala gelmegine gönükdirilen toplumlaýyn işler geçirilýär. Şonuň üçin hem badalga alýan ýol hereketiniň howpsuzlygynyň umumymilli çäresi Watanymyzda ynsan hakyndaky aladanyň, onuň ygtybarly goraglylygynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boljakdygyny tassyklaýar.