Ï Okuw ýylynyň öňisyrasynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Okuw ýylynyň öňisyrasynda

view-icon 865
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkezi we Zenanlar guramasy täze okuw ýylynyň öňisyrasynda bilim ulgamynda işleýän işjeň jemgyýetçilik işgärleriniň gatnaşmaklarynda maslahat geçirdiler.


Bilim ulgamynda işleýän işjeň jemgyýetçilik işgärlerine Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkeziniň we Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Maslahata gatnaşyjylar ýurduň bilim edaralarynyň maddy-tehniki binýady döwrebaplaşdyrylýar diýip bellediler. Okuw we usulýet edbiýaty düýbünden diýen ýaly täzelendi. Ýokary okuw mekdeplerinde ykdysadyýetiň innowasion ösüşiniň ýoly bilen barýan talap edilýän täze hünärler döredildi. Orta hünär okuw mekdepleriniň gurluşynda hünär sanawynyň, şol sanda täze hünär mekdepleriniň açylmagynyň hasabyna üsti ýetirildi. Şeýle hem bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda terbiýe bermek işlerine hem üns berildi.