Ï Bilim – bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bilim – bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk

view-icon 11120
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bilim – bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk” atly täze kitabynyň çapdan çykmagy ýurdumyzyň jemgyýetçilik—syýasy we medeni durmuşynda ägirt uly ähmiýetli waka boldy. Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde milli Liderimiziň zehininden kemal tapan täze neşiriň tanyşdyryş dabarasy boldy.

Täze kitap bilen tanyşdyryş dabarasyna hökümet agzalary, milli parlamentiň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, hormatly ýaşulular, görnükli alymlar hem-de syýasatçylar, medeniýet we sungat işgärleri, žurnalistler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.


Dabara gatnaşyjylar häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda gazanylýan ösüşlerde we üstünliklerde bilim-ylym ulgamyna möhüm orun degişlidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan ylym-bilim özgertmeleriniň oňyn netijesidigini nygtadylar. Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen bu kitapda hormatly Prezidentimiziň dürli derejedäki çykyşlarynda, ulgama degişli gutlaglarynda ýurdumyzyň ylym-bilim ugruny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek hem-de ony ösen halkara derejelerine ýetirmek bilen baglanyşykly aýdan parasatly jümlüleri ýerleşdirilipdir.

Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamy, ony ösdürmegiň ugurlary barada aýdan paýhasly sözleriniň jemlenmegi alym, giň möçberli özgertmeleriň başyny başlaýjy, ynsanperwer, öz Watanyny tüýs ýürekden söýýän we her bir babatda mähriban halkyna daýanýan, onuň bagtyna guwanýan ynsanyň döwlet ösüşinde möhüm ugur bolup durýan ylym-bilim ugrunyň belent derejelere göterilmegi babatdaky tagallasyny äşgär edýär.

Täze neşir bilen tanyşdyryş çäresine gatnaşyjylaryň belläp geçişleri ýaly, milli ylym we bilim ulgamlaryny kämilleşdirmek, esasan-da. ýokary hünärli ýaş ylmy işgärleri taýýarlamak bilen baglanyşykly ýaýbaňlandyrylan çäreler özüniň oňyn netijesini berýär. Täze neşirde getirilen paýhasly jümlülerde ýaş ylmy işgärleriň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ulgamyň öňde goýlan ägirt uly wezipeleriň üstünlikli çözülmegini üpöün etmegi baradaky pikir erş-argaç bolup geçýär.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde döwlet Baştutanymyz milli ylym-bilim pudagyny okgunly ösdürmäge, ony kämilleşdirmek we höweslendirmek boýunça giň möçberli çäreleriň kabul edilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ylmy taýdan esaslandyrmalaryna uly üns berýär. Şu maksatlar bilen soňky ýyllarda ýurdumyzyň ylmynyň berk we ygtybarly hukku binýady döredildi, ony ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça döwlet derejesindäki çözgütler kabul edilýär. Täze neşirde getirilýän jümlüleriň durmuşa geçirilýän milli özgertmeler bilen baglanyşyklydygy, kitapdaky paýhasly setirleriň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri äşgär edýändigi barada tanyşdyryş dabarasynda çykyş edenler aýtdylar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän bilim ojaklarynda zehinli ýaşlaryň ylmy iş bilen meşgullanmagy, olaryň ylym, bilim we täze tehnologiýalar ulgamlarynda işlemegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi bellemek bilen, täze neşir bilen tanyşdyryş dabarasynda çykyş edenler Ylymlar güni mynasybetli döwlet Baştutanymyzyň ýaş alymlaryň we talyplaryň uly toparyny ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijileri diýip yglan etmegi hem-de olaryň gymmat bahaly baýraklar bilen sylaglanmagy we bu çäräniň asylly däbe öwrülmegi täze kitapda aýdylýan paýhasly jümlüleriň iş ýüzünde durmuşa geçýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem ol täze neşirde toplanan paýhasly jümlülleriň many-mazmunyny has-da ýokarlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bilim-bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk” atly täze kitabyň Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çaphana derejesinde neşir edilendigini, onuň özboluşly we çeperçilik taýdan ýokary derejede bezelendigini belläp geçmeli.

Tanyşdyryş çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, milli Liderimizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny ynandyrdylar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda şu günki taryhy waka mynasybetli kitap sergisi ýaýbaňlandyryldy. Onda döwlet Başutanymyzyň eserleri, milli Liderimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe neşir edilen kitaplary görkezilýär.