“Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” ady bilen geçirilýän biraýlygyň ilkinji güni Balkan welaýatynda bilimler gününe bagyşlanyp geçirilen çäreleriň özboluşly dowamy boldy. Bu çärä okuwçy ýaşlar, şeýle hem mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda terbiýelenýän çagalar işjeň goşulyşdylar.
Birinji synp okuwçylary Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan berilen notbuklardan ýerlikli peýdalanýarlar. Onda ýol hereketiniň düzgünleri bilen tanyşdyrýan degişli elektron programmasy bardyr. Ol çagalara okamagyň ilkinji tapgrynda, şeýle hem gahrymanlary ýollarda dürli ýagdaýlara düşýän hem-de olara kömege ýetişýän ýol hereketini sazlaýjy yşyklaryň hem-de awtoinspektoryň kömege ýetişýän multifimlerini görmäge örän gowy kömek berýär.
Balkan welaýatynyň IIM ýol gözegçilik polisiýasy degişli guramalar, hususan-da Baş bilim müdirligi, saglygy goraýyş müdirligi, sebtiň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde biraýlyk iş meýilnamasy işlenilip taýýarlanyldy. Şeýle hem ýol hereketiniň düzgünini, ýol belgilerini, ýol-ulag hadysasyny duýdurýan belgileri bilmäge, şikes ýeten halatynda ilkinji lukmançylyk kömegini bermäge gönükdirilen owadan bukletleriň tapgyry taýýarlanyldy.
Ýaş pyýada ýöreýänler ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek boýunça başarnyklary we endikleri ýol gözegçilik polisiýasynyň işgärleriniň mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda we mekdeplerde geçirýän praktiki sapaklarynyň dowamynda hem alyp bilerler. Şeýle hem bu ýerde “Asfaltyň ýüzüne surat çekmek”, “Ýaş ýol hereketini sazlaýjy”, “Tigir – biziň dostumyz”, “Çatrykda”, “Ýol hereketini sazlaýjy yşyklaryň ýanynda”, “Ýaş pyýada ýöreýji”, “Ýaş sürüji” ýaly bäsleşikler geçiriler.
Däp bolup gelşi ýaly, Balkan welaýatynda ilatyň giň gatlagyny öz içine alýan köpçülikleýin tigir sürmek geçiriler.