Ï Şäherlerdäki we obalardaky Medeniýet öýleri: barha ilerleýän hereket
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şäherlerdäki we obalardaky Medeniýet öýleri: barha ilerleýän hereket

view-icon 843
2020-nji ýyla çenli ýurduň sebitlerinde 200-den gowrak Medeniýet öýleri gurlar. Durmuş we dynç alyş gurluşyň ösdürilmegi – toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalarynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ol obalarda täze durmuş derejelerini girizip, şäher bilen obanyň arasyndaky tapawudyň aýrylmagyna itergi berýär.

Medeniýet öýleriniň taslamalary iki görnüşe bölünýär: obalar we şäherçeler üçin – meýdany 126 inedördül metr bolan 200 orunlyk we sahnaly tomaşaçylar zaly, etraplaryş şäherleri we etrap merkezleri üçin – 390 inedördül metr meýdany bolan 500 orunlyk tomaşaçylar zaly bolar. Ýöne, bu ýerde esasy zat - bu edaralaryň binýadynda ilatyň arasynda medeni-köpçülikleýin işler täzeçe çemeleşmek we guramak esasynda geçiriler hem-de olaryň manysy häzirki zaman äheňinde baýlaşdyrylar.

Meselem, häzir ýakynda çäkleri Aşgabat şäherine birikdirilen Bagyrda Medeniýet öýüniň gurluşygy tamamlanyp barýar. Onuň düýbi Bagyr heniz şäheretek obasyna degişlikä düýbi tutulypdy. Şonuň üçin hem bu medeniýet öýüniň 200 orunlyk tomaşa zaly bolar.


Bu täze binanyň eýýäm daşy örtüldi hem-de ol ajaýyp dag eteginiň görnüşi bilen sazlaşýar. Ýaşlar bu Medeniýet öýüniň açylmagyna aýratyn sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Sebäbi bu ýerde Internet-kafe, tans studiýasy, ses ýazgylar studiýasy, okalga zally kitaphana we ýaşlar üçin beýleki gyzykly zatlar bolar.

Bagyrda gurulýan Medeniýet öýüniň gurluşygyny 2009-njy ýylda açylan “Medine gurluşyk” hususy kärhanasy alyp barýar. Şu döwrüň içinde bu gurluşyk kärhanasy Daşoguzda 365 orunlyk sport mekdebini we durky täzelenen bedenterbiýe-sagaldyş toplumyny, şeýle hem Ahal welaýatynyň Gäwers şäherçesinde ýangyn deposyny doly ulanmaga tabşyrdy. Häzir bu husuy kärhana Köşide meýdany gowlandyrylan dört gatly ýaşaýyş jaýynyň ikisiniň gurluşygyna başlady.

Ulanmaga berilýän her bir desga – hünär ussatlygynyň özboluşly synagy bolup durýar. Bagyrda gurulýan Medeniýet öýi bir nusgadaky görnüşde bolsa-da, onuň içki bezegleri potratça döredijilikli çemeleşmekde özüni görkezmäge hem-de binanyň bezeg işlerini owadan görnüşde çözmäge mümkinçilik berýär.

- Biz bu taslama uly yhlas siňdirdik – diýip, hususy kärhananyň ýolbaşçysy Maksat Orazmedow gürrüň berýär. – Biz nusgalyk Medeniýet öýüni gurmaga çalyşdyk. Sebäbi Bagyr, arheologlaryň tassyklaýyşlary ýaly, heniz gadym zamanda bu sebitleriň medeniýet merkezi bolupdyr. Biziň hünärmenlerimiz ulanylamaga berilen Medeiýet öýleriniň köpüsinde bolup görüp, deňeşdirip gördüler, özgeleriň oýlap tapan zatlaryny özlerinde ulanmajak bolup özlerine nämedir bir zatlary belläp alyp, bezeg işleriniň has täsin usullaryny ulanmaga çalyşýarlar. Sagdyn bäsdeşlik – işiň kämilleşmeginiň ajaýyp ususlydyr!


Bular ýaly desgalaryň gurluşygynda ýokary hilli tehniki üpjünçilige uly orun degişlidir. Bu maksatlar üçin biz sahna enjamlaryny, tehniki serişdeleri, döredilik studiýalarynyň doly bahada işlemekleri üçin gerek bolan zatlary getirmek bilen meşgullanýan halkara bazarlarynda meşhur bolan kompaniýalar bilen ýakyndan işewürlik aragatnaşyklary saklaýarys.

Bu günki gün bina dolylygyna diýen ýaly ulanmaga bermäge taýýar. Onuň bezeg işleriniň , şol sanda taýýarlyk görülýän zalyň hem, tans studiýalarynyň ikisiniň hem, grim jaýynyň hem, şeýle hem dürli gurnak jaýlarynyň hem, saz sapaklary we hor aýdymlary jaýynyň hem soňky bezeg işleri alnyp barylýar. Bir wagtyň özünde, onuň töweregini gurşap alýan meýdany abadanlaşdyrmak işleri hem alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde düşündirişleri ýaly, Medeniýet öýlerindäki gurnaklaryň işleriniň tematiki ugry ilatyň islegi esasynda guralýar. Meselem, eger-de gyzlajagazlarda el işlerine uly höwes bar balsa, onda Medeniýet öýleriniň ýolbaşçylary haly dokamak, tikin tikmek we biçmek, keşde çekmek, eger-de mekdep okuwçylarynda şekillendiriş sungatyna bolan höwesleri bar bolsa, onda Medeniýet öýleriniň ýolbaşçylary degişli gurnaklary açarlar. Ýaş ynsanperwerler üçin ülkäni öwreniş, tebigy ylymlar gurnaklary açylar. Bir söz bilen aýdanyňda, bu ýerde mümkinçilikler örän uly. Çeper höwesjeňler we folklor toparlary Medeniýet öýleriniň ählisine mahsusdyr. Şeýle hem bu ýerde Internet-kafe we okalgaly kitaphana hem işlär.

Habarlar we gyzykly programmalary hödürleýän häzirki zaman kommunikasiýa serişdeleri, telewideniýe ildeşlerini öz zehini bilen tanyşdyrmak üçin sahna çykýan adamyň sahna çykmazdan ozalky tolgunmasyny berip bilmeýär. Ajaýyp, bütin halka meşhur artistlerdir bagşylaryň gör näçesini Medeniýet öýleriniň ajaýyp sahnalary bize sowgat berdi!

Olar diňe bir gyzykly hem-de akyl ýetiriş çykyşlaryny hödür etmän, eýsem zehinli çagalary goldamak maksady bilen, bäsleşikleri we çäreleri hem guraýarlar, sebitleýin medeni-bilesigeljilik syýahatçylygyny ösdürilmegene itergi berýärler, kiçi şäherleriň we obalaryň taryhy we folklor mirasynyň saklanyp galmagy boýunça taslamalaryň awtorlary bolup çykyş edýärler, çeper senetçiligiň däp dessurlarynyň neselden-nesle geçirilmegi barada alada edýärler, beýleki watany söýjülik we baýramçylyk çärelerini geçirilmegine öz goşantlaryny goşýarlar.

Medeniýet öýleri şunuň bilen birlikde, ilata dürli görnüşli durmuş-medeni, bilim-terbiýeçilik häsiýetli, şeýle hem ýerli ýaşaýjylaryň döredijilik ukyplaryny amala aşyrmak üçin, şahsyýetiň ösmegi üçin dürli hyzmatlary etmek bilen, söhbetdeş bolmak we öz sowatlylygyňy artdymak üçin meýdança hökmünde, guramaçylyk-usulýet merkezleri hökmünde çykyş edýärler.